SIZDEN GELENLER

Garpyz tohumlarynyň saglyga peýdasy

Tomus möwsümi birnäçe datly miweleriň, gök-önümleriň ýetişýän döwrüdir. Bu möwsümde iň bir köp ulanylýan bakja ekinleriniň biri-de garpyzdyr. Tagamly, güýçlendiriji, kaloriyasy az bolan garpyzyň peýdaly taraplary-da az däl.

Aslynda garpyz näme üçin peydaly?

Belli bolşy ýaly, içimlik suw bedendäki ähli metabolik hadysalar üçin zerurdyr, aýratyn hem yssy howada. Garpyzyň takmynan 90-95% suw, içindäki suw bilen süýümiň birleşmegi bolsa az iýmit bilen köp kaloriýa sarp etmäge mümkinçilik beryär. 100 gramynda bary-ýogy 27-30 kkal bolup, bu beýleki miwelerden pesdir. Garpyzyň diňe etlek şireli bölegi däl-de, tohumlary-da ähmiýetlidir.

  • Ýürek üçin peýdasy

Garpyz tohumlaryndaky käbir iýmitlik elementler ýüregiň kadaly işlemegi üçin peýdalydyr. Geçirilen gözlegler garpyzdan tapylan likopin ýaly antioksidant maddanyň bedendäki holesteriniň derejesini we gan basyşyny peseldip biljekdigini görkezdi. Ol bedende azot oksidiniň derejesini ýokarlandyryp bilýän maddany hem öz içine alýar. Azot oksidi gan damarlarynyň giňelmegine kömek edýär, bu bolsa gan basyşyny peseldýär.

  • Az kaloriýalylygy bilen tapawutlanýar

Köp adamlar garpyz iýenlerinde onuň tohumlaryny iýmekden saklanýarlar, ýa-da diňe garpyzyň tohumsyz, az tohumly görnüşlerini saýlaýarlar. 30 gram garpyz tohumynda takmynan 150-160 kaloriýa bar. Çünki onuň köp bölegini suw tutýar.

  • Peýdaly elementleriň hem çeşmesidir

Bulardan başga-da garpyz tohumlary sinkiň hem ajaýyp çeşmesidir. Sinkiň gündelik bahasynyň takmynan 25 göterimini üpjün edýär. Sink adam bedeniniň immun, iýmit siňdiriş we nerw ulgamyna täsir edýär. Şeýle-de 42 gram tohumda 21 mg magniý bar, bu bolsa magniniň gündelik bahasynyň 5 göterimine deňdir. Gözlegleriň görkezişi ýaly, bedende köp sanly metabolik funksiýalar, immun ulgamynyň, ýüregiň we süňkleriň saglygy üçin uly ýaşlylara her gün 420 mg magniý zerurdyr. Garpyz tohumlarynda gemoglobiniň möhüm bölegi bolan demir, doymadyk we doýan ýag kislotalarynyň baý çeşmesi bar. Bu ýaglar ýürek agyrysyndan we insultdan goranmakda we gandaky holesteriniň derejesini peseltmekde peýdalydyr.

Gündelik durmuşymyzda iýmitlik maksady bilen garpyz tohumlaryny has amatly sarp etmek üçin olary 150-170 derejede gowrup ulanyp bilersiňiz. Bu bolsa terligine has köp sarp edilýän garpyzyň ýene-de bir ähmiýetli azyklyk maksatly tarapydyr.

Güljan Törekulyýewa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Olimpiýa oýunlarynyň açylyşyna 15 prezidente garaşylýar

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti