SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Eýfel diňi täzeden açyldy

Koronawirus ýokanjy sebäpli ýapylan Fransiýanyň paýtagty Pariž şäheriniň nyşany bolan Eýfel diňi täzeden açyldy. 9 aýdan soňra açylan Eýfel diňiniň ýokarysyna çykmak isleýänleriň sany birnäçe sagadyň dowamynda yzygidelri ýokarlandy.

Mundan ozal, Eýfel diňi diňe Beýik Watançylyk urşy döwründe uzak wagtlap işlemän durupdy. Eýfel diňine gelýänler sanjym bolmaly we koronawirus ýokanjyna garşy testden geçendigi baradaky kepilnamasyny görkezmeli.

Häzirki wagtda syýahatçylyk möwsüminiň dowam edýän döwründe Italiýa we Ispaniýa döwletlerinden has köp möçberde syýahatçynyň gelmegine garaşylýar.

 

Stambuldan Türkmenabada ýörite uçar gatnawy

 

Related posts

Taýlanddaky syýahatçylyk nokatlary ýapylýar

Klýuge: “omikrondan” soňra pandemiýa gözegçilik astyna alnar

Ata Watan Eserleri

Hindistan 18 aýdan soň syýahatçylara açylar