SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

17-nji iýulda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!
Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Gündelik täleýnamany bilmek siziň köpiňiz üçin gyzykly bolsa gerek. Hut şol sebäpli-de size 17-nji iýul gününiň ýyldyzlaryňyza görä täleýnamasyny hödürleýäris.

Mähriban okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky maglumatlary giňişleýin okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Nagt we nagt däl söwdalaryny amala aşyrmakda kynçylyklar bolup biler. Özüňiziň tutan maksadyňyza ýetmekde maksadaokgunlylygyňyzy görkeziň. Bu gün çynyňyz bilen hereket etseňiz siziň öňüňizde hiç hili böwet bolup bilmez. Bu gün karz almak üçin amatly wagt däl. Maliýe resminamalaryna aýratyn üns beriň!

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Sowur zenanlarynyň şu gün bir üýtgeşik, ýatdagalyjy duşuşygy bolar. Ýyldyzlar ikiýüzlilik bilen, ýalandan görkezilýän edep-terbiýäniň ýakynlaryňyzy özüňizden daşlaşdyryp biljekdigini duýdurýarlar. Aýralyk we aragatnaşygyň käbir sowuklygy sowur erkeklerini şahsy durmuşynda negatiw üýtgeşmelere alyp barar.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Häzirki wagtda diňe işjeň hereket etmegi we esassyz töwekgelçiligi talap etmeýän adaty zatlary etmek has gowudyr. Ýaramaz netijelere getirjek möhüm kararlar bermeli däl. Öz pikirleriňizi goramaklygy başarmalysyňyz.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Ähtimal, bu gün size tarap aýdylýan köp gowy sözleri eşidersiňiz, bu elbetde ýakymly bolar. Seretan aýal-gyzlarynyň jemgyýetde şöhle saçmagy ýa-da taslamalaryna täze ýaranlary çekmegi mümkin. Seretan erkekler täze girdeji çeşmesini tapmaga mümkinçilik berýän habarlary alarlar.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Şu gün söwda edeniňizde seresap boluň – kezzaplyga duçar bolmak ýa-da pul ýitirmek ähtimallygy ýokarydyr. Şeýle hem, bazara gitmekden, et iýmitlerini we alkogolly içgileri içmekden ýa-da saglygyňyzy kynlaşdyrjak ýagdaýlardan gaça durmaly. Daşarda has köp wagt geçirmäge synanyşyň. Tokaýda, deňizde, çeşmäniň başynda wagt geçirmek bu wagt has ýakymly we peýdaly bolar.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün, häkimiýetlere, howandarlara, hökümet we jemgyýetçilik guramalaryna ýüzlenseňiz işiňiz şowuna bolar. Ýagdaýa gözegçilik etmek ukyby we maksada ýetmekde yzygiderli zähmet çekmek maliýe ýagdaýyny gowulaşdyrmak ýa-da işiň üstünlikli çözülmegi üçin zerur şertleri döreder. Inisiatiwany öz üstüňize alyň we hiç bir ýagdaýda yza çekilmäň – ähli mümkinçiliklerden peýdalanyň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün siziň şähdiňiz diýseň gowy bolar. Töwerekdäkileriň hemmesi owadan we şadyýan ýaly görüner. Umuman, bu gün bagtyň özi siziň eliňize ýüzer. Häzir esasy zat, ony gorkuzmazlykdyr. Munuň üçin Puşkiniň ertekisindäki garry aýalyň ýalňyşlyklaryny gaýtalamaň – bir söz bilen aýdanyňda, köp isläp azdan galmajak boluň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplar üçin indi rahat dynç almagyň wagty geldi: uklamak, parahat ýagdaýda gazetleri okamak, çagalar bilen gyzyklanmak, iň ýakyn dostlaryňy çagyryp oturmak bu gün size aýratyn lezzet berer. Umuman, häzirki wagtda energiýany tygşytlaýan režimde durmuşdan lezzet alýarys.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Bu gün siz biraz ýaramaz keýpde bolarsyňyz. Muňa iň bärkisi howanyň ýaramazlaşmagy-da sebäp bolup biler. Ujypsyzja kynçylyklara üns bermäň we edýän işleriňizden ýadamaň. Şonda gün gaty gowy bolar. Daş-töwerekdäkiler ýumşak söz bilen aýdanyňda, özlerini gatybir gowy alyp barmaýarlar – şonuň üçin olardan daşda duruň.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Häzir maşgala agzalary bilen ýakynlaşmak üçin amatly wagt ýetip geldi. Birnäçe gün ozal möhüm hasap eden meseleleriňiz özüni ýatladar. Şonuň üçin geçmişe azajyk yza gaýdyp gelmeli bolarsyňyz. Mundan başga-da, köp dawa-jenjel, ownuk kynçylyklar, garaşylmadyk duşuşyklar we gepleşikler bolar.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu gün howanyň ýaramazlaşmagy siziň ýagdaýyňyza-da täsir edip biler. Işiňizde kynçylyklar, gapjygyňyzyň boş bolmagy, barmaly ýeriňize gijä galmagyňyz keýpiňize ýaramaz täsir edip biler. Ýöne dawa-jenjellere goşulmasaňyz we arkaýyn işiňizi dowam etdirseňiz, hiç hili erbet zat bolmaz.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Gatybir hemmetarapdan öňe saýlanjak bolmaň. Çünki bu gün öň hatardakylaryň pida bolmaklygy-da ähtimaldyr. Günüňizi asuda we parahat ýagdaýda geçirjek boluň. Saglygyňyza üns beriň. Ýyldyzlar şu günki agşamlygy maşgalaňyz ýa-da ýakyn adamyňyz bilen bir ýere gidip geçirmegi maslahat berýär.

Sowgatly Krossword bäsleşigi yglan ediler

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama