Ýadyňyzda bolsa ýakynda “Sowgatly Atavatan Krossword” bäsleşigini geçiripdik. Şonda online krosswordyň dogry jogaplaryny ilkinji bolup doly we dogry bilen 5 agzamyza pul baýraklaryny beripdik. Ýakynda şeýle bäsleşigiň nobatdaky tapgyryny geçirýäris. Bäsleşigiň şertleri we soraglary baradaky habarymyzy ýakynda Size ýetireris. Online tertipde boljak Krossword bäsleşigimizi 22.07.2021 senesinde geçirmegi meýilleşdirýäris.
Sowgatly Krossword bäsleşikleriniň hemaýätkari Türkmen we Iňlis dillerinde gepleýän, ilkinji sesli Akylly sözlük-Makul Sözlük Applikasiýasy bolup durýar. (www.makulsozluk.com Applikasiýasyny ýükläp almak üçin şu ýere basyň)
Makul Sözlük Applikasiýasy Bäsleşikde jemi 10 baýrak goýýar. Her bir baýragyň möçberi 100 manat. Ýeňiji diňe 40 soragyň ählisini dogry çözen ilkinji 10 agza bolar! Şol sebäpli ähli soraglary ilkinji bolup dogry çözüň we baýragy utuň!
Hormatly Agzamyz,
Intellektual sahypamyzdaky Atavatan Krossword her gün täzelenýär we hergün 15 soragy Size berýär. Online görnüşdäki bu Krosswordy online çözüň, wagtyňyzy gyzykly we peýdaly geçiriň!
Şu linkdäki 15 sorag sowgatly bäsleşik üçin berilýän soraglar däldir. Emma, sowgatly bäsleşikdäki beriljek 40 soragyň ählisi, şeýle hem her gün täzelenýän krosswordymyzdaky soraglaryň ählisi biziň sorag bazamyzdaky jemi 2000 sany soragyň arasyndan awtomatik usulda saýlanýar.
Biz “Sowgatly Atavatan Krossword” bäsleşigini geljekde-de yzygiderli geçirip durmagy meýilleşdirýäris. Şol sebäpli “Atavatan Krossword” sahypamyza gündelik giriň we hem wagtyňyzy peýdaly we gyzykly geçiriň, şeýle hem geljekdäki sowgatly Krossword bäsleşiklerde ýeňiş gazanyň!
Ýaryşlardan we ýeňijiniň kim bolanlyny ilkinji bolup habarly bolmak üçin Applikasiýamyzy şu ýere basyp ýükläp alyň!
Türkmen dilindäki ilkinji online krossword sahypasy bolan Atavatan Krossword sahypasy, çagalar üçin ýörite çekilen suratlary parçajyklardan düzmek mümkinçiligi berýän Makul Puzzle, durmuşda iň köp ulanylýan 700 sözlemi Türkmen we Iňlis dilinde ýazmaça we sesli görnüşde berilýän Makul Sözlem, her gün täzelenýän we 15 sany Türkmençe sözi berýän we Iňlis dilindäki jogabyny tapmaga mümkinçilik döredýän Makul Krossword, ýokaryda agzalan 700 sözlemiň nähilli düzülýändigini oýun arkaly öwrenmäge mümkinçilik berýän Sözlemli Oýun, çagalar üçin 375 sany suratdan ybarat sözleri Iňlis we Türkmen dillerinde sesli we ýazmaça berýän, şeýle hem bu sözleri sözlemler içinde ulanyp görkezýän Suratly Sözlük, ýokaryda agzalan 375 sözi Iňlis dilinde oýnyň üsti bilen özleşdirmäge mümkinçilik berýän Oýunly Sözlük, kompýuteriňize ýörite programmany ýüklän ýagdaýyňyzda Siziň bilmeýän sözleriňizi size awtomatiki usulda getirip berýän Makul Sözlük Extension we Iňlis dilinde söz tapmaga mümkinçilik berýän Makul Sözi Tap kiçi bölümleri biziň Intellektual kiçi sahypasynda öz ornuny tapýar.
Makul Sözlük şeýle hem, her birini mysallar bilen düşündirýän Phrasal verbs, Irregular verbs, Prefiksler, Suffiksler we Idiomalar ýaly kiçi bölümleri özünde jemleýär. Bu kiçi bölümler Siziň Iňlis dilini has aňsat öwrenmegiňize kömek eder.
Siz bu bölümleriň her birini şol bölümiň ady ýazylýan ýere basyp girip görüp bilersiňiz. Bu bölümleriň her biri hem gyzykly hem-de peýdaly bolmak ýaly aýratynlyklary bilen üns çekýär.
Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy