TEHNOLOGIÝA

“Apple”-den ozduran kompaniýa

Smartfonlar baradaky iň soňky habara görä, Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy dünýä belli ABŞ-nyň  “Apple” kompaniýasynda öňe geçip, ikinji uly smartfon öndürijisi boldy.

“Canalys” analitik kompaniýasynyň taýýarlan 2021-nji ýylyň ikinji çärýegi boýunça hasabatyna görä, “Xiaomi” ilkinji gezek ikinji orny eýeledi we global smartfon üpjünçiliginde 3 göterim ösüş gazanyp, bazar paýyny 17 göterime ýetirdi.

Global smartfon satuwynda 12 göterim ösüş bilen bazar paýyny 19 göterime ýetiren Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi “Samsung” birinji orny eýeleýän bolsa, “Apple” kompaniýasy bolsa 14 göterimlik paýy bilen üçünji orunda galdy.

Hytaýyň  “Xiaomi” kompaniýasynyň öndürýän telefonlary “Samsung” we “Apple” kompaniýasynyň telefonlaryndan 40 bilen 75 göterim aralygynda arzan bahadan satylýar.

“Xiaomi” kompaniýasynyň Hytaýdan başga-da Hindistanda, Indoneziýada we Türkiýede önümçilik zawodlary hereket edýär. Kompaniýanyň telefonlary Latyn Amerikada, Afrikada we günbatar Ýewropada uly islegden peýdalanýar.

 

Özbegistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

 

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi