Hormatly Prezidentimiz ýurdumyza sapara gelen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan Ini kabul etdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I hormatly Prezidentimiz bilen bolan duşuşygyndan soňra beren beýanatynda milli Liderimiz bilen örän netijeli duşuşygynyň bolandygyny belledi.
HHR-iň Başlygy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň dostlukly gatnaşyklary we özara ynanyşmagy ýola goýýandygyny bellän myhman iki ýurduň Liderleriniň ýolbaşçylygynyň hut strategik ugry – türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ygtybarly kepil bolup durýandygyny belledi.
Myhman duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentiň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny has-da ilerletmek barada örän möhüm pikir aýdandygyny, Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda dostlukly däpleri hem-de “Bir guşak – bir ugur” başlangyjyny dowam etdirmek, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda wezipeleri goýandygyny belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentiň ýakyn wagtda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň 5 ýyllyk makstanamasyna gol çekilmegiň möhümdigini bellän Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I Türkmenistanyň Prezidenti bilen energetika, ulag-aragatnaşyk, söwda-ykdysady we kosmos ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary barada pikir alşylandygyny belledi.
Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I Aşgabada amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen hem duşuşdy.