Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 8-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. “Türkmenistan” gazetinde çap edildi.
Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +29… +31° maýyl, gündizine +38… +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 730 mm, çyglylygy 15 — 35%.
Arçabilde: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +28… +30° maýyl, gündizine +37… +39° yssy bolar. Howanyň basyşy 705 mm, çyglylygy 20 — 40%.
Balkan welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22… +27° maýyl, gündizine +36… +41° yssy, kenarýaka etraplarynda +29… +34° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +31… +33°, basyşy 751 mm, çyglylygy 45 — 65%.
Awazada: howa +30… +32°, basyşy 752 mm, çyglylygy 45 — 65%. Balkanabat şäherinde: howa +36… +38°, basyşy 755 mm, çyglylygy 30 — 50%.
Ahal welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 16 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27… +32° maýyl, gündizine +39… +44° yssy bolar.
Änew şäherinde: howa +39… +41°, basyşy 731 mm, çyglylygy 20 — 40%. Tejen şäherinde: howa +42… +44°, basyşy 739 mm, çyglylygy 15 — 35%.
Mary welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26… +31° maýyl, gündizine +41… +46° yssy bolar.
Mary şäherinde: howa +43… +45°, basyşy 732 mm, çyglylygy 10 — 30%. Baýramaly şäherinde: howa +44… +46°, basyşy 731 mm, çyglylygy 5 — 25%.
Lebap welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27… +32° maýyl, gündizine +41… +46° yssy bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +43… +45°, basyşy 735 mm, çyglylygy 5 — 25 %.
Kerki şäherinde: howa +44… +46°, basyşy 730 mm, çyglylygy 10 — 30%.
Daşoguz welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metr, käýerlerinde 15 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25… +30° maýyl, gündizine +36… +41° yssy bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +39… +41°, basyşy 746 mm, çyglylygy 10 — 30%.
Köneürgenç şäherinde: howa +37… +39°, basyşy 747 mm, çyglylygy 15 — 35%.