JEMGYÝET

10 müň orunlyk döredijilik we sungat merkezi gurlar

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz Aşgabatda guruljak täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.  Şol taslamalaryň hatarynda 10 müň orunlyk döredijilik we sungat merkezi hem bar. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

Hormatly Prezidentimiz taslamalar we olaryň binagärlik we bezeg aýratynlyklary bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde gurulmagy meýilleşdirýän 10 müň orunlyk köpugurly döredijilik we sungat merkeziniň enjamlaşdyrmagy babatda adyp, onda dürli köpçülikleýin çäreleri, şol sanda halkara derejesindäki konsertleri, aýdym-saz çykyşlary guramak üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmelidigine üns çekdi.

Milli Liderimiz şeýle hem täze merkezde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Altyn Asyr” döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri”, ýaş estradaçylaryň arasynda geçirilýän “Ýaňlan Diýarym” bäsleşiklerini, “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji konsertini guramak üçin ähli mümkinçilikleriň üpjün edilmelidigini belledi.

Täze merkezde häzirki zamanyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen ses ýazgylary we aýdym-saz studiýasynyň bolmalydygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz 10 müň orunlyk köpugurly döredijilik we sungat merkeziniň gurluşygy babatda halkara bäsleşigini geçirmegi tabşyrdy.

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy