BIZNES

“John Deere” kysymly döwrebap kombaýnlar getirildi

Hormatly Prezidentimiz Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dünýä belli “John Deere” kysymly kombaýnlarynyň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdy.Bu kombaýnlar pagta ýygymynyň öňüsyrasynda ýurdumyza gelip gowuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Dünýä belli kompaniýanyň öndüren kombaýnlaryň ýerleşdirilen ýerinde hormatly Prezidentimizi Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E. Orazgeldiýew hem-de oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew garşy aldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Orazgeldiýew hormatly Prezidentimize gelip gowşan kombaýnlar barada hasabat berdi. Oba hojalyk toplumyny döwrebap tehnika we tehnologiýa taýdna döwrebaplaşdyrmak pudagyň bäsdeşlige ukyplygyny ýokarlandyrmagy we azyk howpsuzlygyny berkitmäge ýardam edýär.

Milli Liderimiz gelip gowşa kombaýnlaryň tehniki aýratynlyklary, olaryň işleýşi we olardaky mümkinçilikler bilen tanşyp, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek hem-de ösdürilip ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnap almak meseleleriniň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.

TELEMATIK SANLY DÖWREBAP TEHNIKALARYŇ ÄHMIÝETI

Dünýä belli kompaniýa tarapyndan gelip gowşan telematik sanly elektron ulgam arkaly dolandyrýan täze we häzirki zaman tehnikalary ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda öz artykmaçlyklaryny subut etdi. Bu ulgam tehnikany işine, onuň ýerleşýän ýerine, ýangyç harçlaýşyna, iş wagtyndaky hereketine edara ediş binasyndan, şeýle hem internet ýa-da ykjam telefon aragatnaşygy arkaly gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň maý aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda satyn alnan 600 sany tehnika 2 tapgyrda ýurdumyza gelip gowuşdy.

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde goşa baýrama bagyşlanan dabaralar

Türkmenistan Hazaryň düýbi bilen çekiljek energiýa kabeli taslamasyna gatnaşmak mümkinçiligini öwrenýär

Türkmenistan bilen Owganystan energetika taslamalaryny maslahatlaşdy

24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly sergi we maslahat geçiriler

Türkmenistan «Green EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri