Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 3-nji iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty:
Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ikinji ýarymynda gysga wagtlaýyn ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26…+28° maýyl, gündizine +38…+40° yssy bolar. Howanyň basyşy 726 mm, çyglylygy 30 — 50 %.
Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gysga wagtlaýyn ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24…+29° maýyl, gündizine +36…+41° yssy, kenarýaka etraplarda +31…+36° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +34…+36°, basyşy 746 mm, çyglylygy 30 — 50 %.
Awazada: howa +33…+35°, basyşy 749 mm, çyglylygy 35 — 55 %. Balkanabat şäherinde: howa +39…+41°, basyşy 754 mm, çyglylygy 25 — 45%.
Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gysga wagtlaýyn ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24…+29° maýyl, gündizine +37…+42° yssy bolar.
Änew şäherinde: howa +40…+42°, basyşy 733 mm, çyglylygy 20 — 40 %.
Tejen şäherinde: howa +39…+41°, basyşy 737 mm, çyglylygy 15 — 35 %.
Mary welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24…+29° maýyl, gündizine +38…+43° yssy bolar.
Mary şäherinde: howa +40…+42°, basyşy 731 mm, çyglylygy 10 — 30 %.
Baýramaly şäherinde: howa +41…+43°, basyşy 730 mm, çyglylygy 15 — 35 %.
Lebap welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25…+30° maýyl, gündizine +38…+43° yssy bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +40…+42°, basyşy 733 mm, çyglylygy 10 — 30 %.
Kerki şäherinde: howa +41…+43°, basyşy 727 mm, çyglylygy 5 — 25 %.
Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25…+30° maýyl, gündizine +37…+42° yssy bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +39…+41°, basyşy 744 mm, çyglylygy 25 — 45 %.
Köneürgenç şäherinde: howa +38…+40°, basyşy 746 mm, çyglylygy 30 — 50 %.