hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan iň döwrebap senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdy.
Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň direktory D.Sapbaýew kärhanadaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, ähli önümçilik bellenen talaplara laýyklykda alnyp barylýar.
Kärhanada bir gije-gündizde 1800 tonna benzin öndürilýär. Ýokary hil we ekologiýa talaplaryna kybap gelýän bu önüm baglaşylan şertnamalar esasynda Owganystana hem-de Ýewropa döwletlerine iberilýär.
Mundan başga-da, bu ýerde zawodyň ikinji nobatdakysyny gurmagyň üstünde işleriň alnyp barylýandygy barada maglumatlar berildi. Şunuň esasynda ýerine ýetirilýän taslama işlerinde täze innowasiýalary, sanly ulgamy has netijeli ornaşdyryp, önümçilik işleriniň kämilleşdirilmeginiň maksada laýyk boljakdygy aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hemme beýleki iri desgalardaky ýaly, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodda hem alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de döwrebap derejede dowam etdirilmelidigini aýtdy. Önümleriň ýokary hil ölçeglerine hemişe gözegçilik edilmelidir. Dünýäde bu önümlere islegiň barha artýandygyny nazarda tutup, ekologiýa taýdan iň arassa benziniň daşary ýurtlarda ýerlenýän bazarlarynyň gerimini giňeltmegiň üstünde işlemäge möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu babatda degişli görkezmeler berdi.
Gazy suwuk ýangyja öwürýän zawod dünýäni haýrana goýýar