JEMGYÝET

Gazy suwuk ýangyja öwürýän zawod dünýäni haýrana goýýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan iň döwrebap senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdy hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen onuň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça pikir alyşdy. Şeýle hem dikuçardan birnäçe iri desgalaryň gurluşyk işleriniň barşyny synlady.

Hormatly Prezidentimiz zawodyň dolandyryş merkezine geldi. Bu ýerde hünärmen hormatly Prezidentimize toplumyň önümçilik işiniň guralyşy hem-de taýýar önümiň emele getirilişi barada gürrüň berdi. Gazy suwuk ýangyja öwürmek işi tehnologik gurnamalaryň, ilkinji nobatda, tebigy gazy düýpli arassalamak, gazydyr metanoly sintezlemek, şeýle hem benzin almak we arassalamak boýunça gurnamalaryň uly halkalarynyň gurulmagyny talap etdi.

GAZY SUWUK ÝANGYJA ÖWÜRÝÄN IRI DESGA

Hünärmen ilki bilen gazyň kükürtli wodoroddan arassalanylýandygy barada gürrüň berdi. Reaktorlaryň içinde ýerleşen katalizatorlaryň kömegi bilen kükürdiň organiki birleşmeleri kükürtli wodoroda öwrülýär.

Soňra gyzdyryjy peçde gazyň gyzgynlyk derejesi ýokarlandyrylyp, kükürtden arassalanan gaz reaktorlarda öz düzümindäki uglewodorod birleşmelerini monooksid ugleroda (СO), dioksid ugleroda (СO2), wodoroda (H) we metanyň garyndylaryna öwrülýär. Soňra gazyň gyzgynlyk derejesi tehnologik gyzdyryjy peçde ýokarlandyrylyp, awtotermik riforming reaktoryna gönükdirilýär. Şol ýerde tehnologik gazyň kislorod bilen reaksiýa girip, ýanmagy we uglewodorodlaryň belli bir böleginiň dargadylmagy amala aşyrylýar.

Şeýlelikde, riforming reaksiýasynyň netijesinde, gazyň gyzgynlyk derejesiniň galmagy sebäpli, ýylylyk çalşyjylarda sowadylýar. Gaz sintezleýji desganyň soňky tapgyryndaky ýörite gaz sintezini arassalaýjy reaktorlaryň kömegi bilen, gazyň düzümindäki sinil kislotasy (HCN) ammiaga (NH3) öwrülýär.

ZAWODYŇ TEHNIKI AÝRATYNLYKLARY

Soňra milli Liderimiz zawodyň tehnologik işi bilen tanyşlygyny dowam edip, dolandyryş merkeziniň hünärmeniniň alyp barýan işi bilen gyzyklandy. Hünärmen arassalanan gazyň sinteziniň basyşynyň kuwwatly gaz gysyjy enjamlar arkaly ýokarlandyrylyp, yzygider ýerleşen dört sany metanol reaktoryna iberilýändigini gürrüň berdi. Soňra bolsa katalizatorlaryň kömegi bilen, gazyň sinteziniň düzümindäki wodorod, monooksid, dioksid uglerodlar özara täsirlenip, metanola öwrülýär. Emele gelen metanol ergini göwrümi 7600 kub metr bolan çelekde saklanylýar.

Gazy suwuk uglewodorodlara öwürmek işiniň nobatdaky tapgyry benziniň sintezi desgasynda bolup geçýär. Metanol saklanylýan çelekden sintez metanol ergini sorujy enjamlar arkaly akdyrylyp, yzygiderlilikde ýerleşen üç sany ýylylyk çalşyjylarda gyzgynlygy ýokary galdyrylyp, alty sany benzin reaktoryna gelip gowuşýar. Bu ýerde katalizatorlaryň kömegi bilen ýokary gyzgynlykdaky sintez metanoly sintez benzinine öwrülýär. Soňra kadalaşmadyk sintez benziniň ýylylyk çalşyjy enjamlarda gyzgynlyk derejesi pese düşürilýär we ahyrky separatora ugradylýar. Bu ýerde benziniň düzümindäki ýeňil gazlar hem-de kondensat suwlar bölünip aýrylýar we çig benzin alynýar.

BENZINIŇ HILI ÝOKARLANDYRYLÝAR

Zawodyň hünärmenleri bilen söhbetdeşligiň dowamynda benziniň hilini ýokarlandyrmak desgasynda birinji tapgyrda çig benziniň düzüminden metan we etan gazlarynyň bölünip aýrylýandygy, ikinji tapgyrda benzin ergininiň suwuklandyrylan gazy benzinden bölüji enjama gönükdirilýändigi bellenildi. Üçünji tapgyrda benzin ýörite bölüji enjama akdyrylýar hem-de ýeňil benzine we düzüminde durol bolan agyr benzine bölünýär. Bölünen ýeňil benzin ammarlara ugradylýar.

Dördünji tapgyrda durolly agyr benzin benziniň hilini ýokarlandyrýan iki sany enjama akdyrylýar we düzümindäki durolyň derejesi peseldilýär. Netijede, agyr benzin 230 kub metr bolan iki sany çelege goýberilýär. Jemi dört sany çelekdäki ýeňil we agyr benzin ýangyjy geçirijilerden akdyrylanda, akym boýunça garylyp, harytlyk benzin emele gelýär.

Benzini ýörite bölüji enjamda ýeňil we agyr benzin öndürilende ugurdaş önüm hökmünde kükürtsizlendirilen dizel ýangyjy emele gelýär.

Şeýlelikde, zawodda çykarylýan sintetik ýangyç örän kämil ekologiýa häsiýetleri bilen tapawutlanýar — onda daşky gurşaw üçin zyýanly kükürt birleşmeleri hem, azotly organik birleşmeler hem bolmaýar. Zawodyň esasy önümi bolan EСО-93 benzini 18 000 kub metr bolan üç sany çelekde saklanylýar. Olarda benziniň hilini bir derejede saklamak üçin ýörite sorujy enjamlar hemişe işläp durýar.

Ugurdaş önüm bolan suwuklandyrylan gaz göwrümi 2000 kub metr bolan şar şekilindäki çelekde we kükürtsizlendirilen dizel ýangyjy 360 kub metr göwrümindäki çelekde saklanylýar.

Ähli taýýar önümleriň çelekleri ýangyna garşy suw we ýörite ergin sepiji geçirijiler bilen gurşalandyr. Taýýar önümleri ýükleýän desgada demir ýol çeleklerine, awtoulaglara benzini ýükleýän, şeýle hem awtoulaglara kadalaşmadyk benzini, kükürtsizlendirilen dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy ýükleýän ulgamlar hereket edýär.

 

Gündelik Täleýnama: 21 Maýda Ýyldyzlar näme diýýär?

 

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy