JEMGYÝET

Buraw gämisi çuňluk rekordyny goýdy

Ýaponiýada ýer titremesini öwrenmek üçin geçirilen ylmy-buraw gözleg işleriniň netijesinde ummanda çuňlugyň rekordy goýuldy. Ýaponiýanyň umman kenarlarynda işleýän gözlegçiler deňiz düýbündäki çökündileri barlamak üçin 8 kilometrden gowrak  çuňluga baryp ýetidiler. Mundan ozal, baryp 1978-nji ýylda geçirilen gözleg işlerinde 7 kilometr çuňluga ýetilipdi

Deňziň düýbündäki geçirilen barlag işleri üçin degişli enjamlary 8 kilometr çuňluga ýetirmek üçin 2 sagat 40 minut gerek boldy.

“Kaimei” ylmy-barlag gämisi arkaly geçirilen buraw işleri sebitdäki uly ýer titremeleriň taryhyny öwrenmek taslamasynyň çäginde amala aşyrylýar.

Ylmy-barlag işleriniň geçirilýän ýerleri 2011-nji ýylda Ýaponiýada bolup geçen 9.1 ululygyndaky ýer titremesiniň merkezine golaýdygy mälim edildi.

Innsbruk uniwersitetiniň alymy Prof. Maýkl Strasser bu taslama bilen baglanyşykly ummanyň düýbünden alnan çökündileriň ozal bolup geçen ýer titremeleriniň taryhy barada jikme-jik maglumat almaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Mundan ozal, 1978-nji ýylda “RV Glomar Challenger” tarapyndan Ýuwaş ummanyndaky Mariana çöketliginde geçirilen ylmy-barlaglarda 7 kilometrlik çuňluga ýetilipdi.

 

Aşgabadyň we onuň dostlukly-doganlykly şäherleriniň häkimleriniň halkara mejlisi geçirildi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri