JEMGYÝET

Dünýädäki iň uly aýsberg Antarktidadan aýryldy

Häzirki wagtda dünýäniň iň uly aýsbergi A-76 Antarktidadan uzaklaşdy.  Emeli hemranyň maglumatlaryna esaslanýan «Meteoweb» portaly bu barada habar berdi.

Uly aýsbergiň uzynlygy 170 kilometre, ini 25 kilometre deňdir. 4320 inedördüllik meýdan ony Ispaniýanyň Malorka adasynyň meýdany bilen bäsleşdirýär.

Aýdylmagyna görä, A-76-nyň Ueddell deňziniň Filçner-Ronne buzlugynyň günbatar böleginden bölünip aýrylypdyr. Aýsbergiň aýrylmagy Beýik Britaniýanyň Antarktida gözleg gullugy tarapyndan anyklanyp, ABŞ-nyň Milli buz merkeziniň «Copernicus Sentinel-1» missiýasynyň suratlary arkaly tassyklandy.

Geçen ýylyň 27-nji fewralda Antarktidadan  Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň meýdany bilen deňeşdirip boljak 1270 kwadrat kilometre barabar aýsbergiň aýrylyp çykanlygy hakdaky habarlar ýaýrapdy.

 

Buffon “Ýuwentusdaky” soňky kubogyny gazandy

 

 

Related posts

Arkadag şäheriniň kazyýetiniň başlygy wezipä bellendi

Özbegistanda elektrikli awtoulag önümçiligine başlanýar

Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Ärdogan bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri