BILIM

“Bilimli” nyşanly okuwçy kompýuterleri sowgat berler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzyň Bilim ministrligi tarapyndan kompýuterleri satyn almak hem-de ýurdumyzyň eksport harytlary öndürijilerine goldaw bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan şu okuw ýylynda 1-nji synpa kabul edilýän okuwçylara gowşurmak maksady bilen, ýurdumyzda öndürilýän “Bilimli” nyşanly okuwçy kompýuterleriniň synagdan geçirilendigini hem-de olaryň hil standartlaryna, çagalar üçin saglygy goraýyş talaplaryna laýyk gelýändigi we bu babatda degişli kepilnamalaryň alnandygy barada habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň kompýuterleri satyn almagy hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz 1-nji synp okuwçylary üçin niýetlenen ýörite multimediýa okuw gollanmalaryny taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekip, hödürlenen resminama gol çekdi hem-de kesgitlenen wezipeleri çözmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen 161 müň 739 sany kompýuteri satyn almak, 2021-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

 

Awazada dynç almak ýa-da tomusky dynç alyş döwri

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň nebitgaz uniwersitetinde hytaý dili öwrediler

Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin uçarmanlar Türkiýede taýýarlanylar

Türkmen talyplary halkara matematika olimpiadasyndan baýrakly dolandy

Ata Watan Eserleri

Halkara Emeli Intellekt Olimpiadasy 2025 Pekinde geçirildi

2026-2027-njy okuw ýyly üçin “Chevening” talyp haky maksatnamasyna arza kabul edilýär

BMG-niň Awaza maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumy öz işine başlady