JEMGYÝET

Awazanyň içi we şäherara ugurlary boýunça awtobuslaryň gatnawlary

Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisinde «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy G.Akmämmedow agentligiň işini döwrebap derejede alyp barmak, tomusky dynç alşa taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilen çäreler hem-de ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, onuň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, tomusky dynç alyş möwsüminde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna gelýänlere hödürlenýän awtoulag hyzmatlaryny has-da gowulandyrmak maksady bilen, şol döwürde ýolagçy ulaglaryň täze gatnaw ugurlaryny açmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, aýratyn-da “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümi döwründe ýolagçy ulaglarynyň sazlaşykly hereketini ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekdi, şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýolagçylaryň, aýratyn-da dynç almaga gelýänleriň isleglerini öwrenmek, ýörite sargytlar esasynda dynç alyş möwsüminde Awazanyň içi we şäherara ugurlary boýunça awtobuslaryň gatnawlaryny ýola goýmak meseleleriniň üstünde işllemegi tabşyrdy.

“Awazada” dynç almagyň tertibi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady