BIZNES

Ýyladyşhana hojalyklary boýunça seminar

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky  ýyladyşhana hojalyklarynyň wekillerini 31-nji maýda geçiriljek “Türkmenistanda ýyladyşhana tehnologiýalaryny ösdürmek” atly onlaýn seminara çagyrýar.

Bu seminar, ýyladyşhanalarda gök önümleri we miweleri ösdürip ýetişdirmek boýunça öňdebaryjy tejribä we täzeliklere bagyşlanýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar hünärmenlere sorag berip bilerler we olardan aýratyn maslahat alyp bilerler.

Seminar Zoom platformasynda sagat 14:00-dan agşam 18:00-a çenli dowam eder we arzalar 24-nji maýa çenli kabul ediler.

Habarlaşmak üçin: knowhowturkmenistan@ebrd.com

 

Hytaý-Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

 

 

Related posts

Maksat ― söwdany ösdürmek

Ata Watan Eserleri

“Fitch Rating” Türkmenistanyň karz reýtingini ýokarlandyrdy

Ata Watan Eserleri

Wengriýa türkmen gazyny satyn almak bilen gyzyklanýar