SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Arassaçylyk we ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça düşündiriş işleri güýçlendiriler

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde arassaçylyk bilen bagly meseleler, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça görülýän çäreler boýunça düşündiriş işleri has giňeldiler. Bu barada döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň anna gününde geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milletiň Lideri şeýle düşündiriş işlerini ilatyň arasynda alyp barmagy hem dowam etdirmegiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ilatynyň tomus döwründe dynç alşyny talabalaýyk guramak maksady bilen, düşündiriş, wagyz-nesihat işlerini işjeňleşdirmek barada görkezmeler berildi.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/russiyada-9-njy-may-yenis-guni-bellendi/

Related posts

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň içerki gatnawlarynyň täze rejesi

Ýolagçy howa gatnawlaryň täze tertibi: Sentýabr 2021

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat: hepdede 16 uçar gatnawy ýerine ýetiriler

Ata Watan Eserleri