SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Berzeňňi” şypahanasy

KARDIOLOGIỲA YLMY-KLINIKI MERKEZLI HASSAHANANYŇ “BERZEŇŇI” YLMY-ŞYPAHANA BÖLÜMINIŇ SALGYLARY

 744013, Тürkmenistan, Aşgabat ş., Berzeňňi şäherçesiniň 1923-nji köçesi, 1-nji jaýy

Iş telefonlary:  (+99312) 48-89-54;  (+99312) 48-89-31

 Tel/Fax: (+99312) 36-92-89

 Elektron salgysy:  kardiomerkez@online.tm

       Kardiologiỳa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň “Berzeňňi” ylmy-şypahana bölümi 2012 ýylyň martyndan bäri  halka hyzmat edýär. Mineral suw nerw ulgamynyň funksional bozulmalarynda, daýanç-hereket ulgamyň kesellerinde, ýürek-damar keselleriniň başlangyç döwründe, iýmit siňdiriş ulgamynda we beýlekilerde giňden  üstünlikli  ulanylýar.

      Şypahananyň esasy tebigy bejeriş serişdesi az minerallaşan, subtermal gyzgynly,  pes aşgarly,  kükürtwodorod, azot gazy bilen doýgunly, mineral suw bolup, köp keselleri, şol sanda, dowamly kolitleri bejermekde we öňüni almakda tutýan orny uludyr. Dowamly kolitli näsaglarda gidrokolonoterapiýa eminiň ulanylmagy näsaglaryň umumy ýagdaýlarynyň gowulaşmagyna, agyrynyň, iç gatamanyň, garnyň töweregindäki oňaýsyz duýgularyň we içegäniň jugurdylarynyň azalmagyna getirýär.

      Suw içilende içegeleriñ peristaltikasyny, aşgazan-içege ýollarynyň suwuklyk çykaryjylyk işjeňligini ýokarlandyrýar we ödüñ himizimini gowulandyrýar. Magniý bilen sulfatyň  birikmesi iç ýumşadyjy we  peşew çykaryjy ýollarynyň gaýnaglama alamatlaryny peseldýär. Magniý, natriý, kaliý we beýlekiler peşew ýollarynyň ýylmanak muskullaryny işjeňleşdirýär, böwrekleriň  we peşew ýollarynyň hereketini  ýokarlandyrýar, urodinamikany gowulandyryp, peşew çykaryjy ýollardan peşew bilen mikroplaryň, nemiň çykmasyny şertlendirýär we birnäçe kristallary eredýär. Kremniý turşusy – gaýnaglama garşy, hem-de peşew çykaryjylyk  häsiýeti bilen ionlaryň täsirini güýçlendirýär. Az mukdardaky  kükürtwodorod – peşewiň  çykmasyny  we hereketini çaltlandyrýar, bakteriosid täsiri bar. Azodyñ bolmagy suwa sedatiw häsiýeti berýar. Ýüzleý myşsalarda spazmolitik täsir döredýär.

      Suw wanna görnüşinde kabul edilende näsagyñ deri örtüginiň  köp sanly düwmejikler bilen örtülmegi, suwda gazyñ bardygyny aýdyñ görkezýär. Şol bir wagtda deriniñ üsti bilen geçmekden başgada näsagyň  em döwründe gaz gatyşykly dem almagy öýkeniñ we ganyñ üsti bilen bejeriş täsirini güýçlendirýär. Kükürtwodorodly we azotly birleşmeleriň az möçberde agyry aýryjy, nerw ulgamyny rahatlandyryjy we  mikroaýlanyşygy gowulandyryjy  täsirleri bardyr.

       Mineral suwunyñ düzümine we täsir ediş mehanizmine seredip, onyñ giñ kliniki gerimini göz öñünde tutup bolar. Häzirki wagtda, kliniki barlaglaryň esasynda keselleri bejermekde görkezmeler we garşy görkezmeler işlenip düzüldi.  “Berzeňňi” mineral suwy bilen balneoterapiýa geçirilende ganda glýukozanyň peselýändigi, aýratynam biohimiki görkezijileriň tapawutly üýtgeýändigi, ýagny ganyň koagulogrammasynyň, holesteriniň kadalaşýandygy  belli edildi. Neýropatiýalarda, şol sanda diabetiki neýropatiýada, çetki mikrosirkulýasiýanyň gowulanýandygy barada maglumatlar bar. Suw içmekligiň bagryň we öt çykaryjy ýollarynyň, umuman aşgazan-içege ýollaryň kesellerinde oňaýly täsiri anyklanyldy.

       Şeýlelikde, “Berzeňňi” şypahananyň mineral suwy giñ terapewtik mümkinçiliklere eýe bolmak bilen ony ýokanç däl keselleri bejermekde we öñüni almakda ähmiýetli bejeriş serişde hökmünde giňden ulanyp bolar.

“Berzeňňi” ylmy-şypahana bölüminde ilata edillýän

hyzmatlaryň görnüşleri:

  1. Iňňerefleksobejergi
  2. Ýürek damar ulgamynyň kesellerinde bejeriş bedenterbiýe
  3. Gidrokolonoterapiýa
  4. Içegäni mineral suw bilen arassalamak
  5. Umumy kükürtli we duzly wanna
  6. Mineral suwly wanna
  7. Hromobejergili wanna
  8. Aýaklar we eller üçin kontrast wanna
  9. Şarko duşy
  10. Aşakdan ýokary galýan duşy
  11. Aýlowly duşy
  12. Gidromassaz (suw asty owkalama)
  13. Derman ösümliklerden wanna
  14. Deňiz duzly wanna
  15. Ozokerit bilen bejergi
  16. Parafin bilen bejergi
  17. Parafin bilen bejergi-ellere
  18. Parafin bilen bejergi-aýaklara
  19. Parafin bilen bejergi-arka
  20. Parafin bilen bejergi-bile
  21. Parafin bilen bejergi-gasyga
  22. Parafin bilen bejergi-garnyna
  23. Parafin bilen bejergi-ýanbaşa
  24. Parafin bilen bejergi-satanara
  25. Parafin bilen bejergi-boýunýaka
  26. Kükürtli suw bilen öt arassalamak (týubaz)
  27. Bedene sellýulite garşy toplum
  28. Mikroklizma
  29. Klizma (bejeriji,arassalaýjy)
  30. Sifon klizma
  31. Ognew boýunça klizma
  32. Nazogastral zond bilen aşgazany ýuwmak
  33. Orogastral zond bilen aşgazany ýuwmak
  34. Aşgazany zondirlemek
  35. Ingolýasiýa
  36. Lazer bilen bejergi
  37. Infragyzyl şöhli bilen bejergi
  38. Elektroforez
  39. Wibrowakum bejergi
  40. Ultrases bejergi
  41. Derman serişdelerini ulanmak bilen ultrafonoforez (UZT)
  42. Ýokary ýygylykly magnit bejergi
  43. Mikrotolkunly bejergi (GT)
  44. Has ýokary ýygylykly bejergi (LUÇ)
  45. Darsanwal bilen bejergi
  46. Amplipuls bejergi
  47. Kellani owkalamak
  48. Oňurganyň boýun bölümini owkalamak
  49. Oňurganyň döş bölümini owkalamak
  50. Oňurganyň bil bölümini owkalamak
  51. Döş kapasasyny owkalamak
  52. Yokarky ahyry (el) owkalamak
  53. Penje we goşary owkalamak
  54. Bilek-penje bognuny owkalamak
  55. Egin bognuny owkalamak
  56. Garny owkalamak
  57. Oňurgany owkalamak
  58. Aşaky ahyry (aýak) owkalamak
  59. Dyz bognuny owkalamak
  60. Wakumly owkalamak
  61. Banka bilen owkalamak
  62. Stounoterapiýa arka
  63. Stounoterapiýa bile
  64. Stounoterapiýa ellere
  65. Stounoterapiýa aýaklara
  66. Ýüzi arassalamak
  67. Ýüz-boýun owkalamak
  68. Fitobejergi (derman otlaryň şiresi, derman otlaryň suwy, derman otly çaý)

Çeşme: saglykhm.gov.tm

«Daşoguz» şypahanasy

“Arçman” şypahanasy

Baýramaly şypahanasy

“Mollagara” şypahanasy

 

Farap şypahanasy

 

“Ýyly suw” şypahanasy

 

«Awaza» şypahanasy: Deňziň şypaly mekany

 

Вызовите проститутку в Пензе и ощутите всю страсть и нежность ее прикосновений.

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy