Geçi adamyň ilkinji eldekileşdiren mallarynyň biridir. Häzir dünýäde 400 milliondan gowrak geçi bar. Dünýäde öndürilýän süýdiň 3%-e golaýy, geçi süýdidir. Reňk beriji maddalaryň azlygy sebäpli, geçi süýdi sygyr süýdüne garanda, has akdyr. Geçi süýdüniň 1-kilogramynda 80mg „C witamini bar. Geçi süýdi düzümi we häsiýeti boýunça, sygyr süýdine ýakyndyr. Onuň süýjümtik tagamy we del garyndysyz hoşboý ysy bolýar. Geçi süýdini peýnir hem-de turşadylan süýt önümlerini öndürmek üçin ulanýarlar. Ol aşgazan, içege kesellerinde keseliň oňat öňüni alyjy we şypa beriji serişdedir, şeýle hem, aşgazany ýaraly adamlar üçin, oňat berhizlik azyk önümidir. Geçi süýdüniň düzüminde ýag-4,4%, beloklar 3,3%, süýt şekeri 4,9 %, jemi gury madda-13,4% bolýar. Geçi süýdünde gury maddanyň mukdary, goýun süýdüne garanyňda 4,5% azdyr.
MAÝA AMANOWA ,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň Diller kafedraasynyň mugallymy
Baku ― Tblisi ― Jeýhan akymy boýunça daşalýan türkmen nebitiniň mukdary artýar