Türkmenleriň milli däp-dessurlaryndaky belent ynsanperwer umumadamzat ýörelgeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köptaraply edebi döredijiliginde beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyzyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen eserleri halkara jemgyýetçiliginde örän uly gyzyklanma döredýär.
Bu gün birnäçe ýüzýyllyklar ozal bolşy ýaly, türkmen we özbek halklary ruhy-ahlak gymmatlyklaryň hem-de özara doganlyk goldawyny bermek däpleriniň umumylygyna, ata-babalaryň parasatly wesýetlerine ygrarlydygyny görkezýärler.
Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-nji aprelde mukaddes Oraza aýynda Gypjakdaky Türkmenistanyň Baş metjidinde beren agzaçar sadakasyna Prezident Şawkat Mirziýoýewyň ýolbaşçylygyndaky Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň gatnaşmagy şaýatlyk etdi. Bu sadaka milli Liderimiziň çuňňur hormatlanylýan kakasynyň aradan çykmagynyň ýedisinden soň birinji “anna agşamy” sadakasy boldy.
Iktaraplaýyn medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, häzir onuň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň yzygiderli gatnaşyklarynda, dürli çäreleriň, özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginde ýüze çykýandygyny bellemek gerek. Şonuň bilen birlikde, däp bolan bilim we ylym gatnaşyklary ösdürilýär, beýik türkmen we özbek alymlarynyň, akyldarlarynyň we şahyrlarynyň mirasyny öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça bilelikdäki işler alnyp barylýar.
Täze neşiriň çapdan çykmagy ýyl-ýyldan berkeýän hoşniýetli goňşuçylyk türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli waka, Türkmenistanyň Baştutanyna goýulýan çuňňur hormat, täze taryhy eýýamda döwletara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine milli Liderimiziň goşýan uly goşandynyň ykrar edilmegi bolup durýar.