BILIM

Diplom Ykrar Şahadatnamasy kime berilýär?

Döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyranlara Ykrar Şahadatnamasy berilýär. Ykrar Şahadatnamasy döwlet synaglarynyň geçirilen aýy tamamlananyndan soň bir aý möhletde taýýar bolýar. 1993-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan öň okuwa girenlere döwlet synaglaryny tabşyrmazdan Ykrar Şahadatnamasy berilýär. Döwlet synaglaryny tabşyrmazdan ykrar edilýän resminamalaryň eýeleriniň Ykrar Şahadatnamasy Bilim ministrligine resmi ýüz tutulan senesinden üç aýdan geçmeýän möhletde taýýar bolýar.

Hökümetara ylalaşyk esasynda Döwlet tarapyndan daşary ýurt döwletlerine okuwa ugradylan raýatlara hünär bilimi hakyndaky resminamalarynyň Türkmenistanyň çäginde ykrar edilendigini tassyklaýan Güwähat berilýär.

Güwähat esasynda Türkmenistanyň döwlet edaralaryna işe ýerleşeninden soňra işleýändigini tassyklaýan kepilnama getiren halatynda hünär bilimi hakyndaky resminamalarynyň Türkmenistanyň çäginde ykrar edilendigi baradaky Ykrar şahadatnamasy berilýär. Ykrar Şahadatnamasy resminamanyň eýesine gowşurulýar.

Ynanç haty bilen ykrar şahadatnamasy berilýärmi?

Ykrar Şahadatnamasy eýesine şahsy pasporty (ýa-da onuň ornuny tutýan resminama) we töleg kwitansiýasy esasynda berilýär. Raýatyň özi tarapyndan berlen Döwlet notarial edarasynyň tassyklan ynanç haty ýa-da harby gullukda bolan raýatlaryň harby bölüminiň tugraly möhri we serkerdesiniň goly bilen tassyklanan Ynanç haty esasynda resminamanyň eýesiniň ýakyn hossaryna ýa-da ynanýan adamyna gowşurylýar. Ykrar Şahadatnamasyny ynanylan adama şahsy pasportynyň asyl nusgasy we onun göçürme nusgasy, bellenen tertipde tassyklanan ynanç haty, töleg kwitansiýasy esasynda berilýär.

Ykrar Şahadatnamasy üçin töleg pulunyň möçberi 98 manat 96 teňňe.

Töleg “Türkmenistan” bankynda we Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky şahamçalarynda, şeýle hem, hasap belgisi görkezilende beýleki banklarda kabul edilýär.

 Ykrar Şahadatnamasy üçin tölegiň geçirilmeli hasaby:

Türkmenistanyň Bilim ministrligi HASAP:

231 049 341 101 531 00 000 000 MFO: 390 101 101

S.K.: 101 161 002 566

Ykrar Şahadatnamasy Türkmenistanyň Bilim ministrliginden alynýar. 

Ykrar Şahadatnamasyny gowşurýan bölümiň iş wagty:

Hepdäniň Duşenbe, Sişenbe, Çarşenbe, Penşenbe we Anna günleri 09:00 – 12:30 we 14:00 – 17:00 aralygy. Şenbe güni: 09:00 – 12:30 aralygy.

Dynç günleri we baýramçylyk günleri raýatlar kabul edilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

44-84-21 44-85-34 44-86-36 44-85-79 44-84-96

Diplom ykrar etdirmek üçin haýsy resminamalar zerur?

 

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlary Indoneziýadan baýrakly dolandy

Ýaşlaryň 135-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolarlar

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Petronas” kompaniýasy bilen ähtnama gol çekdi

Türkmenistan we “Huawei”: sanly ulgam üçin hünärmenler taýýarlanar

Britan uniwersitetileri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanýar

Türkmen talyplary Polşadan 26 medally dolandylar