Garrap barýan kaka üçin gyzyndan mähirli zat bolmaz.
Ewripid
Özüniň arzuwyndaky aýala öýlenen bir beýik adam bardy. Olaryň ajaýyp söýgüsi bilen gyzjagazy dünýä indi. Ol gyzjagaz örän şadyýanja we mähirlijedi. Kakasy hem ony gaty gowy görýärdi.
Gyzy kiçi wagty, onuň elinden tutup, aýdym aýdýardy, tans edýärdiler we hemişe: “Men seni gowy görýän, kiçijik gyzjagazym” diýýärdi.
Gyzy ýetginjeklik döwründe hem beýik adam ony gujaklap: “Men seni gowy görýän, kiçijik gyzjagazym” diýýärdi. Gyzy hem öýkeläp: “Men indi kiçi gyzjagaz däl” diýip jogap berýärdi. Kakasy hem ýylgyryp, şeýle diýdi: “ Ýöne sen meniň üçin hemişe şeýle bolup galarsyň”.
Gyz ulaldy, öýüni terk etdi we uly dünýä çykdy. Ol durmuşy has gowy bilip, bu beýik adama düşünip ugrady. Ol hakykatdan hem, beýik we güýçli adamdy. Onuň güýçli bolmagynyň biri hem öz maşgalasyna bolan söýgüsini aýan etmek başarnygydyr. Gyzynyň öýünden näçe uzakdadygyna garamazdan, ol adam jaň edip: “Men seni gowy görýän, kiçijik gyzjagazym” diýýärdi.
Gün birinde ýaňky uly kiçijik gyzjagaz jaň edende, başga nätanyş biri jogap berdi. Beýik adama uly zarba boldy. Ol indi gürläp bilmeýärdi we özüne aýdylýanlara hem düşünmeýärdi. Ol mundan beýläk ýylgyryp, gülüp, ýöräp, gujaklap, tans edip bilmeýärdi we kiçijik gyzjagazyny nähili gowy görýänligini aýdyp bilmeýärdi.
Şeýdip, gyz öz öýüne dolanyp geldi. Ol otaga girip, kakasyny görende, kiçijik we güýçsiz göründi. Kakasy gyzyna seredip gürlemäge synanyşdy, ýöne şowsuz boldy. Kiçijik gyz onuň gapdalynda oturdy. Gözlerinden ýaş tegelenip gaýtdy, aglamaga başlady we kakasynyň hereketsiz egnini gujaklady. Kellesini döşüne goýup, köp zatlar hakda oýlandy. Bilelikde bolan ajaýyp döwürlerini ýada saldy. Özüniň hemişe goralandygyny we söýülýändigini duýdy. Ol ony hemişe köşeşdirýän söýgüniň indi sözsüz galandygyna gaty gynanýardy. Soňra gyz kakasynyň ýürek urgularyny eşitdi. Elmydama aýdym-saz we ajaýyp sözler bilen ýaşan ýürek. Ýürek bütin bedeniň zaýalananlygyny alada etmän urýardy. Edil şo wagt hem bir täsinlik boldy. Gyz eşitjek bolýan zadyny eşitdi.
Beýik adamyň ýüregi diliniň diýip bilmeýän sözlerini aýdyp başlady.
“Men seni gowy görýän men seni gowy görýän men seni gowy görýän kiçijik gyzjagazym kiçijik gyzjagazym kiçijik gyzjagazym”
Şeýdip, gyz rahatlady…
Terjime eden: Ýulduz BABAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.