DÜNÝÄ

Özbegistan “Sputnik V” sanjymyny öndürmekçi

Russiva Federasivasynyň Hökümetiniň başlygy Mihail Mişustin bilen Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde duşuşdy. Bu duşuşyk Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçirildi.

Tatarystanyň Prezidentiniň resmi saýtynda bellenilip geçili’i ýaly, duşuşyga Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow hem gatnaşdy. Duşuşykda Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow rus kärdeşine Russiýadan koronawirus ýokanjyna garşy sanjymyň möçberini artdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. Şeýle hem bu sanjymy Özbegistanyň çäklerinde öndürmek teklibine garamak mümkinçiligini beýan etdi.

Premýer-ministr Abdulla Aripow Özbegistanda “Sputnik V” sanjymy boýunça köpçülikleýin sanjyma üstünlikli başlanandygyny belledi.

– Sanjymyň möçberiniň köpeldilmegini isleýäris, bu ugurda şertnama baglaşma taýýardyrys, şeýle hem Özbegistanda bu sanjymy öndürmek mümkinçiliginiň başlanmagyndna hem hoşal bolardyk – diýip, Abdulla Aripow belläp geçdi.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy Mihail Mişustin hem öz gezeginde iki ýurduň degişli edaralarynyň koronawirus ýokanjyna garşy göreş ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini, aprel aýynda Özbegistana “Sputnik V” sanjymynyň ilkinji tapgyrynyň iberilendigini hem-de Özbegistanda “Sputnik V” sanjymynyň önümçiligine hem taýýarlyk görülýändigini belledi.

Şeýle hem duşuşykda Özbegistanyň Prezidentiniň Russiýa döwlet saparyna görülýän taýýarlyklar hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

 

Messiniň teklipleri

 

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti Halkara Zähmet Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy

BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze başlygy saýlandy

Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy welosipedli ýörişi gurnady

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli Milli tokaý maksatnamasy tassyklandy

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar