JEMGYÝET

Halkara ahalteke atçylyk we “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň merkezi açyldy

Paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem şu gün bu ýerde Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu baýramçylyk döwlet Baştutanymyzyň degişli Permanyna laýyklykda, her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde belleniler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda täze binanyň toý bagyny kesdi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň binalar toplumy açyldy. Soňra dabara gatnaşyjylar merkeziň gurluşy we üpjünçiligi, hünärmenleriň netijeli işlemegi hem-de dürli çäreleri geçirmek üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdylar.

Binanyň birinji gatynda muzeý ýerleşdirilip, onda tutuş dünýäde meşhurlyga eýe bolan ahalteke bedewleriniň we özüniň ajaýyp häsiýeti bilen ýurdumyzyň çäkleriniň daşynda hem meşhurlyk gazanan alabaýlaryň özboluşly heýkelleri we olaryň aýratynlyklaryna bagyşlanan nakgaş eserleri, ahalteke bedewleriniň we alabaýlaryň şekilleri çitilen halylar görkezilýär.

Soňra dabara gatnaşyjylar merkeziň kitaphanasy bilen tanyşdylar. Bu ýerde şöhratly pederlerimiziň dünýä beren milli gymmatlyklary bolan ahalteke bedewlerine we türkmen alabaýlaryna bagyşlanan eserleriň giň toplumy bar.

Soňra dabara gatnaşyjylar binanyň ikinji gatyna galyp, bu ýerde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Merkeziň iş otaglary işgärleriň netijeli işlemegi üçin zerur bolan esbaplar bilen üpjün edilip, olaryň ygtyýarynda kompýuterler we beýleki degişli enjamlar bar.

Merkeziň maslahatlar zaly we ýöriteleşdirilen otaglary häzirki zaman talaplary nazara alnyp, maksadalaýyk enjamlaşdyrylyp, bu ýerde mejlisleri, beýleki çäreleri hem-de halkara häsiýetli forumlary geçirmek, şol sanda onlaýn tertipdäki halkara duşuşyklary, ähmiýetli maslahatlary guramak, olary sanly ulgam arkaly dünýä ýaýmak üçin ýokary derejeli mümkinçilikler bar. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde netijeli iş alyp barmak, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryndan peýdalanmak üçin zerur şertler göz öňünde tutulypdyr.

 

Bilim pudagynda türkmen-türk hyzmatdaşlygy

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi