SIZDEN GELENLER

Balykçylygy ösdürmegiň ähmiýeti

Balyklar adamyň durmuşynda uly ähmiýete eýedir. Ol azyk önümi, dökün we derman almak, öý haýwanlarynyň ot-iým paýyna goşmak, zyýanly mör-möjekleriň liçinkalaryna garşy göreşmek, derýalary haşal otlardan arassalamak we beýleki maksatlar üçin peýdalanylýar. Suwuň kenarynda ýaşaýan ilatyň azyk önümleriniň 83%-e golaýyny balyk önümleri tutýar. Balyk önümlerinden: balyk eti, kakadylan balyk, ýapylan balyk (konserwa), duzlanan balyk, işbil (ikra) ýokumly azyk önümi bolup hyzmat edýär. Olara bolan isleg ýyl-ýyldan artýar.

Balyklaryň ähmiýeti, şeýle hem olardan alynýan önümleriň gymmaty birnäçe görkezijileriň: energetiki gymmatlygy, uzak wagtlap saklanylyşy, düzüminiň doly bahalylygy, beloklarynyň siňijiligi we balyklaryň ýa-da olardan taýýarlanan önümleriň himiki düzüminiň beýleki komponentleri bilen aňladylýar. Önümçilikde iýmitlik gymmatyna etiň çykymy we onuň kaloriýalylygy boýunça baha berilýär.

Balyk etiniň belok, ýag we uglewod saklaýjylygy onuň energetiki gymmatyny artdyrmakda (ýüze çykarmakda) örän möhüm hasaplanýar.

Balygyň iýmitlik gymmaty köp derejede onuň himiki düzümine baglydyr. Bu babatda etiň beloklary esasy düzüm hasaplanylýar. Balyk etiniň düzüminde 16-21,5% aralygynda belok saklanýar. Onuň adam organizminde siňňitliligi gara mallaryň etine garanyňda 2,3-3,1 esse ýokarydyr. Balyk eti witaminlere baýdyr we onuň mukdary gök önümlere garanyňda has ýokarydyr.

Balyk etiniň çykymy olaryň görnüşine, ýaşyna, fiziologiki ýagdaýyna we ýylyň möwsümine baglylykda 50-80% aralygynda bolýar. Beýleki mallaryňky bilen deňeşdireniňde balyk eti ýumşak, üýtgeýän gurluşly, durumsyz bolýar. Munuň sebäbi onuň düzüminde suwuň köplügi (60-80%), ferment işjeňliginiň ýokarylygy we doýmadyk ýag kislotalaryny köp saklaýanlygy bilen düşündirilýär.

Balygyň belogynyň hili örän ýokary bolup, biologiki gymmaty bolsa sygyr süýdünden we ýyly ganly haýwanlaryň belogyndan hem ýokary hasaplanýar. Balyk etiniň bedende özleşmegi ýokary derejede bolup geçýär. Balyklary kadaly ýagdaýda iýilende adamyň bedeni gerek bolan aminokislotalar bilen üpjün edilýär.

Adam bir günde 50 gram balyk etini iýse bedeniň birnäçe aminokislotalara bolan talaby doly kanagatlandyrylýar. Adam bedeniniň lizin, izoleýsin, walin we triptofan ýaly aminokislotalara bolan talabyny kanagatlandyrmak üçin balyk etiniň 200-350 gramyny iýmeklik ýeterlikdir.

Balyk ýagy energiýanyň we ýagda ereýän witaminleriň A, D, E, K esasy çeşmesi bolup hyzmat edýär. Balyklaryň dürli görnüşleriniň eti düzüminde ýag saklaýjylygy boýunça biri-birinden düýpgöter  tapawutlanýar. Ýagyň çykymy balyklaryň görnüşine, ýaşyna we iýmitlendirilişine (idedilişine) baglylykda dürli-dürli bolýar.

 

RÜSTEMOW DERÝA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň talyby

 

«Türkmenistan» awiakompaniýasy habar berýär

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti