TEHNOLOGIÝA

Dünýäniň iň uly Gün elektrik bekedi

Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň peýda bolmagy bilen, köpler Dubaýyň günorta böleginde çöldäki Muhammed bin Reşid Al Maktum Gün elektrik stansiýasy ýaly taslamalar bilen howanyň üýtgemeginiň öňüni almaga umyt baglaýarlar.

Dünýädäki iň uly Gün elektrik bekedi 44 inedördül kilometre barabardyr we sagatda, takmynan, 1000 megawat elektrik toguny öndürip, 320 müňden gowrak hojalygy elektrik togy bilen üpjün edýär.

Dubaý has durnukly geljege tarap ýol açýarka, emirlik we BAE henizem adaty energiýa çeşmelerine bil baglaýarlar. Şeýle etmek bilen, strategiki maýa goýumlaryny ulanyp, islenýän ugurda uly üstünlikler gazanýarlar.

2019-njy ýylda Gün bekedi Dubaýdaky umumy energiýa üpjünçiliginiň 3%-ini üpjün etdi. Dubaýyň Energetika we suw gullugy döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň hasabyna bu ugra eýýäm 9 milliard ýewro töweregi maýa goýum çekdi.

 

“Altyn Asyr” Oraza 2021 hyzmatyny hödürlenýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanda kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk etmek Maksatnamasy taýýarlanar

Kosmos giňişliginde taryhy waka

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «HI-TECH Turkmenistan 2024» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

“Apple Watch” seriýasy 10 täze funksiýalar bilen täzeçillik getirýär

“iPhone 16” we “iPhone 16 Pro” tanyṣdyryldy

Geljekde emeli intellektiň Makul intellekte öwrülmegi