BIZNES

«Demir ölçeg» elektrik işlerinde tejribe toplaýar

Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň senagat zolagynda ýerleşýän «Demir ölçeg» hususy kärhanasynda müşderilere enjamlary satyn almak, materiallary (serişdeleri) ibermek, synagdan geçirmek, ulanyşa tabşyrmak, tehniki hyzmatlary ýola goýmak, elektrik ulgamynda esasy howpsuzlyk çäreleriniň biri bolan ýereçatmalary, ýyldyrymdan goraýjylary gurnamak we başga-da ýöriteleşdirilen köp sanly hyzmatlary hödürlenilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Şonuň ýaly-da, kärhananyň öz işine ussat hünärmenleri elektrik enjamlaryny ýokary woltlarda synamak, ölçemek, rele goraglaryny, awtomatikany gurnamak we sazlamak, kuwwatlylygy 35 kilowata çenli bolan elektrik howa geçirijileri arkaly howa geçirijileri çekmek, tok geçiriji ulgamlaryň ugrunda yşyklandyryş üçin sütünleri oturtmak, dizel generatorlaryny abatlamak we olara hyzmat etmek ýaly jogapkärli işleri birkemsiz ýerine ýetirýärler. Kärhana buýrujylaryň talaplaryny doly kanagatlandyrýandygy bilen tapawutlanýar.

Hususy kärhananyň hünärmenleriniň geçen ýyl Balkanabat ýod zawodynyň Hazar şäheriniň golaýyndaky önümçilik bölüminde amala aşyran işleri hem ýokary talaplara doly laýyk gelýär. Hünärmenler bu ýerde çig mal almakda ulanylýan guýularyň elektrogurnama işlerini üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şol guýulara barýan, uzynlygy 13,5 kilometrden hem geçýän elektrik geçiriji ulgamlar we olaryň sütünleriniň durky doly täzelenildi.

Şeýle hem geçen ýyl Balkanabat şäherinde gurlan, her biri dört gatly, iki sany ýaşaýyş jaýlarynyň elektrik işleriniň ählisi bu hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan amala aşyryldy. «Türkmennebit» döwlet konserniniň buýurmalary esasynda, onuň kärhanalaryndaky tok bilen işleýän hereketlendirijileriň abatlaýyş-sazlaýyş işleri hem ýokary hilli ýerine ýetirildi.

«Demir ölçeg» hususy kärhanasynyň önümçilik bölümindäki Türkiýäniň «DURMA» kompaniýasyndan satyn alnan kuwwatly enjamlar her bir ýerine ýetirilýän işde ýokary netijeleri gazanmaga giň mümkinçilik berýär. Kärhananyň uzak aralyklara kuwwatlylygy 35 kilowata çenli bolan elektrik toguny geçiriji ulgamlary, olaryň gurnama işlerini, elektrotehniki enjamlaşdyrma degişli taslamalary, transformatorlaryň, elektrik energiýasyny paýlaýjy we gözegçilik enjamlarynyň synagyny, degişli enjamlaryň rele goragyny we awtomatikasyny sazlamak, magdan çykarylyşynda, ýerüsti önümçilik desgalarynda gurluşyk-gurnama we başga-da köp sanly sargytlar boýunça bitirýän işleri «Türkmenstandartlary» döwlet gullugy tarapyndan barlagdan geçirilip, buýrujylara tabşyrylýar.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/cagalara-berilyan-komek-pullary-we-pensiyalar-barada-maglumat-berildi/

Ýene-de okaň

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer