BIZNES

Pekin – milliarderleriň paýtagty

Dünýäde iň köp milliarder Pekin şäherinde ýaşaýar. Hytaýyň paýtagty Pekin şäheri bu görkeziji bilen ilkinji gezek ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinden öňe saýlandy. Nýu-Ýork şäheri soňky 7 ýylyň dowamynda sanawyň kerwenbaşysydy. Bu babatda “Forbes” žurnalynyň çap eden dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawy subutnama bolup durýar.

“TikTok” goşundynyň esaslandyryjy Çžin Imin Pekiniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji orundadyr. Onuň baýlygy 2 esse ýokarlanyp, 35,6 milliard dollara deň boldy.

Pekiniň milliarderleriniň sany 100-e ýetdi. Ikinji orundaky Nýu-Ýorkuň milliarderleriniň sany bolsa 99-dyr. Ýöne muňa garamazdan, Nýu-Ýorkuň milliarderleriniň baýlygynyň jemi Pekiniň milliarderleriniň baýlygynyň jeminden 80 milliard dollar möçberinde köpdür.

Sanawdaky 3-nji we 4-nji orunlary degişlilikde Gonkong (80) hem-de Moskwa (79) şäherleri eýeleýär.

Şeýle hem bu sanawdaky ilkinji onlukda Hytaýly şäherler agdyklyk edýär. Olaryň arasynda Hindistanyň Mumbaý, Angliýanyň London we ABŞ-nyň San-Fransisko şäherleir hem bar. Hytaýyň Pekin şäherinden başga-da, Şanhaý, Hançžou, Şençžen ýaly şäherleri hem bar.

 

Iň ýaşuly pianinoçynyň konserti

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder