BILIM

Iňlis dilini öwrenmek üçin “Germew” goşundysy

Iňlis dilini öwrenmek isleýänlere türkmen dilinde düşündirişli “Germew” atly mobil goşundy işläp düzüldi. Bu barada “ashgabat.in” neşirinde bellenilip geçilýär.

Bu programmada iňlis dili derejelere görä okuw gollanmalary hödürlenýär, ýagny:

  • Beginner,
  • Elementary,
  • Pre-Intermediate,
  • Intermediate,
  • Advanced derejeleri.

Bu goşundy türkmen dilinde türgenleşikler (tutorials) hem ýerleşdirilen. Ony oflaýn hökmünde mobil enjamlarda gurnap bolýar.

Bu goşundynyň üstünde ýaş programmaçy Isa Annamyradow işledi. Ol häzirki wagtda Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi hünäri boýunça 5-nji ýyl talyby.

Goşundyny Google Play pratformasyndan ýükläp alyp bilersiňiz.

 

Çagalar üçin sözlük: Suratly Sözlük-Makul Sözlük

Çagalara Iňlis dilini öwretmek boýunça Siziň ýakyn kömekçiňiz “Makul Sözlük” Applikasiýasyny ýüklemek üçin  şu ýere basyň!

Related posts

Türkmenistanyň harby edaralarynyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edişlik başlaýar

«Bolaşak» maksatnamasy boýunça müňlerçe gazagystanly dünýäniň iň abraýly uniwersitetlerinde mugt okaýar

Türkmenistanda aspirantura, doktorantura dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul ediş işleri başlanar