MEDENIÝET

Wan Goguň eseri 13 million ýewro satyldy

Winsent Wan Goguň “Monmartredäki köçe görnüşi” atly eseri 13 million ýewro satyldy. Bu gymmat bahaly eser “Sotheby’s” söwda öýünde satyldy. Ol hususy kolleksioneriň biri tarapyndna satuwa çykaryldy. 100 ýyldan gowrak bu eser fransuz maşgalasynda saklanypdyr. Ilkibaşda bu eseriň bahasy 5 million ýewro bilen başlady.

Dünýä belli suratkeş bu eserini 1887-nji ýylda çekilipdir. Suratkeşiň bu eseri şol döwrüň Pariž döwrüne gabat gelipdir.

Eseriň 1887-nji ýylda çekilenden bäri köpçülige görkezilmändigini bellenip geçilipdir. Onuň satuw bahasynyň rekord bolandygy hem aýdylýar.

Wan Goguň Parižde iki ýyl içinde çeken 200-den gowrak suratlarynyň biri bolup durýar. Onda degirmen, är-aýal we iki çaga, şeýle hem ýapraksyz agaçlar suratlandyrylypdyr.

Wan Goguň 2017-nji ýylda ABŞ-nyň Nýu-ýork şäherinde geçirilen söwda satuwynda eserleriniň biri 81 million dollara satylypdy.

 

Dünýäniň iň uly suraty satyldy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy