DÜNÝÄ

Russiýa 6 döwlet bilen uçar gatnawlaryny ýola goýýar

Russiýa birbada 6 ýurt bilen uçar gatnawlaryny täze ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu baradaky çözgüdi ýurduň Premýer-ministri Mihail Mişustin tassyklady.

Metbugat gulluklarynyň habayrna görä, 1-nji aprelden başlap, Täjigistan, Özbegistan, Germaniýa, Wenesuela, Siriýa we Şri-Lanka bilen howa gatnawlary täzeden başlar.

Mälim bolşy ýaly, Russiýa Federasiýasy 2020-nji ýylyň mart aýynyň ahyrynda koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara howa gatnawlaryny togtadypdy.

Täzeden başladyljak ugurlar barada:

  • Wenesuela: Moskwa-Karakas hepdede 2 gezek.
  • Siriýa: Moskwa-Damask hepdede 1 gezek.
  • Täjigistan: Moskwa-Duşanbe hepdede 1 gezek.
  • Özbegistan: Moskwa-Daşkent hepdede 1 gezek.
  • Şri-Lanka: Moskwa-Kolombo hepdede 1 gezek.
  • Germaniýa: Frankfurt-Moskwa-Frankfurt hepdede 5 gezek, Frankfurt-Sankt-Peterburg-Frankfurt hepdede 3 gezek, Moskwa-Berlin-Moskwa hepdede 5 gezek we Moskwa-Frankfurt-Moskwa hepdede 3 gezek.

Şeýle hem 1-nji aprelden Russiýanyň birnäçe sebitiniň halkara howa menzillerinden daşary ýurtlara uçar gatnawlarynyň täzeden ýola goýulmagy göz öňünde tutulýar.

Russiýa gelýän daşary ýurtlular ugramazdan ozal 72 sagat öň koronawirus pandemiýasy boýunça lukmançylyk barlagyndan geçip, negatiw netijenamasyny öz ýanynda getirmelidir.

 

Marsda şäher gurlar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary