BIZNES

Türkmenistan öňümizdäki üç aýda 500 müň tonna nebiti Russiýadan üstaşyr eksport eder

Russiýa şu ýylyň ikinji çärýeginde 55,3 million tonna nebiti üstaşyr eksport etmäge gatnaşar. Bu barada «Vesti.ru» habar berýär. Rus portlary arkaly ýylyň birinji çärýeginde eksport edilen nebitiň mukdary 56,5 million tonna ýetdi.

Şol sanda Noworossiýsk portundan 4,9, Ust-Lugu portundan 5,9, Kozmino portundan 8,8, Primorsk portundan 9,6 million tonna «gara altyn» üstaşyr eksport ediler.

Russiýanyň üsti bilen Ýewropa bazaryna nebit çykarýan döwletleriň biri hem Türkmenistandyr. Çeşmäniň berýän habaryna görä, aprel ― iýun aýlary aralygynda 500 müň tonna türkmen nebiti Noworossiýsk portunyň üsti bilen Ýewropa bazaryna çykarylar.

Russiýadan üstaşyr nebit eksportunda biziň döwletimiz ikinji orny eýeleýär. Birinji orundaky Gazagystan ýylyň ikinji çärýeginde Ust-Lugu portundan 1,7, Noworossiýskden bolsa 2,3 million tonna nebiti eskport eder. Üçünji orundaky Azerbaýjanyň bolsa ýylyň ikinji çärýeginde 330 million nebiti Russiýanyň üsti bilen dünýä bazaryna çykarmagyna garaşylýar.

 

Koronawirus ýokanjy üçin derman tabletkasy öndürildi

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

Balkan welaýatynda döwrebap ýyladyşhana ulanylmaga berildi

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň iri sergisi geçiriler

Gökdepe etrabynyň çäginde arassalanan agyz suwuny öndürýän kärhana açyldy

Bäherdende talh öndürýän kärhana açyldy

Hytaý «Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan» demir ýoly maliýeleşdirýär