SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirus ýokanjy üçin derman tabletkasy öndürildi

ABŞ-nyň derman serişdelerini öndürýän “Pfizer” kompaniýasy koronawirus ýokanjyna garşy döredilen tabletka görnüşindäki derman serişdesiniň kliniki synaglaryna girişdi. Tutuş dünýäde giňden ýaýran koronawirus ýokanjyna garşy sanjym hem öndüren “Pfizer” kompaniýasy bu gezek sanjym işini has-da ýeňilleşdirip, tabletka görnüşinde derman öndürdi.
Bu içilýän dermanyň kliniki synaglaryna girişildi. Kompaniýa bu dermanyň AIW (Adamyň Imminoýetmezçiliginiň Wirusy) hem-de gepatit kesellerine garşy hem täsirlidigini belläp geçdi.
Şeýle hem umuman alanyňda, dünýäde 459 million adama koronawirusa garşy sanjym edildi. Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus aýtdy. https://bitcoinbetsport.com

https://www.atavatan-turkmenistan.com/nigeriya-2-sany-sanjym-islap-duzdi/

 

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: halkara howa gatnawlaryň tertibini täzeleýär

Özbegistanyň 14 farmasewtika kärhanasy Türkmenistanda öz önümlerini görkezdi

Üstünlikler, tejribeler, hyzmatdaşlyk…

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi tanyşdyryldy

Mary welaýat inçekesel hassahanasy açyldy

Aşgabatda täze, döwrebap saglyk öýi açyldy