BIZNES

Ýaponiýanyň kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň prezidenti T.Watanabe bilen Türkmenistanyň Döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniň başlygy B.Amanowyň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we gelejegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiki taýdan arassa sintetiki benzin öndürýän senagat toplumynyň (GTG) kepillik möhletiniň tamamlanmagy bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetini belläp geçdiler hem-de özara bähbitli gatnaşyklary has hem işjeňleşdirmegiň täze ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

 

Abadan haly- owadan haly

 

 

Ýene-de okaň

Belarusyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Italýan firmalary «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar

«Aýdyň gijeler» hytaýly hyzmatdaşlary bilen emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrar

Türkmen-yrak ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Türkmenistanda ýolagçy wagonlaryny abatlanar

Bütindünýä Söwda Guramasy agzalyk: milli gepleşik topary dörediler