SIZDEN GELENLER

Malaýziýa – tokaý içindäki gizlin hem-de täsin döwlet

Malaýziýa- Günorta-Gündogar Aziýada ýerleşýän döwlet  bolup Günorta Hytaý deňzi ýurdy iki bölege bölýär. Olar Günbatar Malaýziýa onuň däp bolan ady Malaýýa ýanaşyk adalar bilen bilelikde Malakka ýarymadasynda ýerleşýär. Ol Tailand we Singapur bilen araçäkleşýär. Gündogar Malaýziýa Kalimantan adasynda ýerleşip, Labuan federal çäginden hem-de Borneo adasynyň Demirgazygyndaky Sabah we Sarawak ştatlaryndan ybaratdyr.  Bu ştatlar Indoneziýa  we Bruneý soltanlygy bilen araçäkleşýär. Tutýan meýdany meýdany 329,7 müň inedördül km bolup, dünýäde 65-nji ýerde durýar. Paýtagty –Kuala-Lumpur şäheri. Administratiw taýdan taýdan 13 ştatdan we 2 sany federal çäkden ybaratdyr.

Malaýziýa çalt depginler bilen ösýän senagatly, oba hojalykly ýurt hasaplanýar. Ykdysadyýetiniň esasyny senagat JIÖ-niň 46% we hyzmatlar pudagy 41%, oba hojalygy 13% düzýär. Nebiti gaýtadan işleýän, elektronika we elektrotehnika has ösendir. Hemra enjamlaryny öndürýä, özüniň hususy kosmodromyny gurmaga taýýarlanýar. Malaýziýa elektron çipleri we durmuşda ulanylýan kondisionerleri öndürmekde dünýäde 1-nji ýerde durýar. “Proton” markaly milli awtolulaglary öndürýär. Malaýziýa dünýäde galaýyny we tebigy kauçugy köp öndürýän ýurtdyr. Dünýäde öndürilýän kauçugyň 20%-e golaýy bu ýerde öndürilýär. Ol Günorta-Gündogar Aziýada Singapurdan soň 2-nji ýerde durýan söwda döwleti hasaplanylýar. Iki asyryň sepgidinde ol, takmynan 8% ýyllyk ösüş gazandy.

Malaýziýa-nebiti we gazy gaýtadan işlemekde öňdebaryjy ýurtlaryň biri. Ol gysylan gazy öndürmekde dünýäde 3-nji ýeri eýeleýär. Malaýziýanyň nebiti az kükürtli bolup, ol hili boýunça iň oňat hasaplanylýar. Gazylyp alynýan nebitiniň ýarysyny eksport edýär. Ýurduň bir gije-gündiziň dowamynda 500müň barrel nebiti gaýtadan işlemäge ukyply bolan nebiti gaýtadan işleýän toplumlary bar. Malaýziýanyň 2,44trln kubmetr tebigy gaz gorlary bar.

“Petronas” nebiti gaýtadan işlemekde dünýä belli kompaniýalaryň biri hasaplanýar. Dünýäniň iň meşhur nebit kompaniýalary onuň ýakyn hyzmatdaşlarydyr. “Petronas” dünýäde iri korporasiýalaryň biri bolan “Fortune Global 500” korporasiýasynyň düzümine girýär. Ol 2014-nji ýylda iri kompaniýalaryň arasynda ululygy boýunça 75-nji orny eýeledi. Dünýäde we Aziýada iň girdejili kompaniýalaryň arasynda 12-nji ýerde durýar. Döredilenden bäri “Petronas”-yň integrirlenen halkara nebit-gaz kompaniýasy bolup, şol döwletler bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. “Petronas” Malaýziýa üçin iň girdeji getirýän çeşme bolup durýar. Onuň girdejisi döwlet býujetiniň 45%-ini düzýär. Kompaniýanyň merkezi edarasy ýurduň paýtagt şäheri bolan Kuala-Lumpurdaky Petronas ekizler diňinde ýerleşýär. Bu diň Kuala-Lumpuryň buýsanjy we şöhratydyr. Petronas ekizler diňi örän owadan hem-de geň galdyryjy binagärlikaýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Onuň daşky görnüşi örän owadan bolup, şäheriň häzirki zaman gözelligine görk goşýar. Binanyň beýikligi 452 metrden we 88 gatdan ybaratdyr. Beýikligi boýunça ol Aziýada 8-nji ýerde, dünýäde bolsa 10-njy ýerde durýar.

Malaýziýanyň tebigaty we baý taryhy medeni-mirasy bolup ol syýahatçylyga uly üns berýär. Soňky ýyllarda, Malaýziýa gelýän syýahatçylarynyň sany boýunça dünýädäki 10-luga girýär. Ýurduň 60%-ini ösümlik we haýwanat dünýäsi örän baý bolan ekwatorial tokaýlar tutýar. Malaýziýa gadymy hem-de syrly ýurt hasaplanylýar. Onuň beýle atlandyrylmagynyň esasy sebäbi hem döwletiň örän täsin tebigatynyň, ösümlik dünýäsiniň aýratynlyklarydyr. Malaýziýa Aziýanyň iň syrly döwletleriniň biri diýlip hasaplanylýar. Malaýziýanyň özine mahsus bolan özboluşly medeniýeti bar bolup, ol Aziýanyň iň köpmilletli ýurdy hasaplanylýar. Onuň ýene-de bir aýratynlyklarynyň biri-de başga döwletlerden tapawutlylykda Malaýziýada haçan saýlawlar boljakdygyny hiç kim bilmeýär. Malaýziýa Konstitusiýasyna laýyklykda Parlament saýlawlary her bäş ýylda bir gezek geçirilmeli diýlip göz öňünde tutulan ýöne saýlaw güni Premýer ministr islän güni belli bolmagy mümkindir.

Dünýädäki iň uly gül bolan Raffleziýa hem Malaýziýada ösýär. Ol Malaýziýanyň iň meşhur ösümligi hasaplanylýar we onuň diametri bir metrden hem ulydyr. Malaýziýada “Miweleriň patyşasy”hasaplanýan Durian ösdürilip ýetişdirilýär. Dünýäniň iň gowy Badmintonçysy hem Malaýziýaly hasaplanylýar. Malaýziýaly Li Chon Vey soňky on ýylyň dowamynda dünýäniň iň güýçli hem-de Halkara Badminton Federasiýasynyň sanawynda birinjilikde gelýän badmintonçy hasaplanylýar.

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýulan. Türkmenistan Malaýziýa bilen dostlukly we netiji hyzmatdaşlygy alyp barýar. Häzirki wagtda Malaýziýa ýurdumyzyň ygtybraly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Özara ýokary derejeli gatnaşyklar hem  ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine ýardam berýär.

 

Beggeldi GUTLYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň,

Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara

Hukugy fakultetiniň talyby.

 

Çagalar üçin sözlük: Suratly Sözlük-Makul Sözlük

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi