DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda teleýaýlym hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň “Bütinrussiýa döwlet teleradio gepleşikler kompaniýasy” federal döwlet unitar kärhanasynyň (FGUP WGTRK) baş direktorynyň birinji orunbasary A.Zlatopolskiý  bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça maglumatlary alyşmaga hem-de özara hyzmatdaşlyk babatynda gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.  Şu ýyl üçin amala aşyryljak işleriň esasy tapgyrlary, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Aşgabat şaheriniň 140 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň rus KHBS tarapyndan şöhlelendirilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň we WGTRK federal döwlet unitar kärhanasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler.

 

Iş maslahaty: pudaklar boýunça maliýe-karz ugurlary seljerildi

 

 

 

Ýene-de okaň

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça teswirnama gol çekdiler

Azerbaýjan bilen Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy