JEMGYÝETSENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Hepdelik täleýnama (8-14-mart)

2021-nji ýylyň 8-14-nji marty aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03-20.04)

Bu hepde hamallar üçin oňaýly bolmagyna garaşylýar. Işde üstünlik gazanmak üçin birneme yhlas etmeli bolarsyňyz. Hünär meselelerini çözmäge howlukmaň. Hepdäniň ikinji ýarymynda gatnaşyklardan gaçmaň, her bir duşuşygyň siziň peýdaňyza bolmagy mümkin. Bu döwürde eglişik etseňiz, islendik jedeli oňyn çözüp bilersiňiz.

Sowur (öküzçe 21.04-20.05)

Bu hepdede sowurlara işjeňlik juda gerek. Bu size esasy işleriňizde-de, döredijilik gözlegleriňizde-de üstünlik getirer. Siz ähli zady başararsyňyz. Ýöne geleňsizlik edip, şowlulygyň özüňizden ara açmagyna ýol bermäň. Işdäki üstünlikler hepdäniň ikinji ýarymyna golaý döwürde ýüze çykyp başlar. Şonuň üçin bu döwrüň ähli kynçylyklaryny ýeňip geçjek boluň. Boş wagtlaryňyzy bisarpa ulanmaň

Jöwza (ekizekler 21.05-21.06)

Bu hepde jöwzalar üçin wezipe basgançagynda ýokary göterilmek babatynda oňaýly bolar. Siz özüňizi köpçülikde salyhatly alyp barmalysyňyz we gowy söhbetdeş hökmünde köpüň ünsüni çekmegi başarmalysyňyz. Hepdäniň ikinji ýarymynda keýpiçaglyk siziň ruhuňyzy galkyndyrar. Ünsüňizi çekýän pikirleri durmuşa geçirmäge, iş ýüzünde synap görmäge çalşyň.

Seretan (leňňeç 22.06-22.07)

Bu hepdede seretanlar üçin yhlas edip işlemeli döwür geldi. Dogumly hem erjel hereket etseňiz, islän netijäňizi gazanyp bilersiňiz. Hemme işi bitiren bolsaňyzam, eliňizi gowşuryp oturmaň. Iň islegli başlangyçlaryňyzyň durmuşa geçirilmeginiň siziň erjelligiňize baglydygyny ýatdan çykarmaň. Üstünlige ýetmek üçin sizde ähli mümkinçilikler bolar.

Eset (ýolbars 23.07-23.08)

Bu hepdede esetleriň öwrenijilik häsiýeti goldaw berer. Amatly pursata garaşyň we töweregiňizdäkileriň maksatlaryny öwreniň. Ýeten derejäňizi pikir eleginden geçiriň. Hepdäniň birinji bölegi juda oňaýly, şol güne onlarça işi meýilleşdirmek bolar. Ýöne olaryň ählisini ýeňillik bilen durmuşa geçirmegiň başartmazlygy mümkin

Sünbüle (gyz 24.08-23.09)

Bu hepde sünbüleler üçin şowly bolar. Üstünlikleriň «altyn açary» bijäňize düşer, özüňiziň güýç-gaýratyňyza ynamyňyz artar. Yhlasly zähmetiňiz ajaýyp miwelerini berip başlar. Sylagdyr baýrak almagyň wagty geldi. Siziň abraýyňyz ýokary derejede bolar. Töweregiňizdäkiler siziň pikiriňizi diňläp maslahat sorarlar. Ýöne men-menlik etmäň, özüňizi salyhatly alyp baryň. Sizde ähli zatlara täzeçe garaýyş we täze pikirler dörär.

Mizan (terezi 24.09-23.10)

Bu hepdede mizanlara ýyldyzlar rahat bolmagy maslahat berýärler. Bu size öňüňizde goýan maksadyňyza ýetmäge ýardam berer. Meýilnamalaryňyza täzeden serediň. Bu hepde mizanlar işde daş-töweregindäkiler bilen agzybir işleseler, şonça-da üstünlik gazanarlar. Kyn ýagdaýlarda akylyňyzdan üstün gelen gahara ýol bermäň. Diňe gowulyga ynanyp wagta salym beriň.

Akrap (içýan 24.10-22.11)

Bu hepde akraplara öz güýjüne laýyk iş bilen meşgullanmak maslahat berilýär. Köp zada güýjüňiziň ýetmezligi mümkin. Üstünlikleriňiz kynçylyklary näderejede ýeňip geçişiňize bagly bolar. Bu döwür köpden bäri ynjalyk bermeýän meseläniň çözgüdini taparsyňyz. Sport bilen köprak meşgullanyň

Kowus (keman 23.11-21.12)

Bu hepdede kowuslaryň esasy maksady öňdeligi eýelemek bolar. Olara aýgytly herekete geçmek, işjeň bolmak maslahat berilýär. Özüňize bil baglaň, mümkinçiligiňize şübhelenmäň. Sizde bu döwür töwekgellik islegi dörär. Ikirjiňlenmäň. Işiňiz şowly amala aşar. Hepdäniň ikinji ýarymynda keýpiňiz göteriler. Dynç günleri maşgalaňyz bilen dynç alyň.

Jedi (owlak 22.12-20.01)

Jediler bu hepde özleriniň şahsy durmuşyny gowulandyryp bilerler. Bu babatda siz öz duýgularyňyza ynanyň. Işde özüňiziň gerekli işgärdigiňizi ýeňillik bilen subut edersiňiz. Ýöne size men-menlik etmezlik maslahat berilýär. Käbir ýagdaýlarda okgunly herekete geçiň, ýöne güýjüňizi hem aýaň.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu hepde daluwlara ýagdaýlary dogruçyl kesgitläp, öz mümkinçiliklerini ölçerip-dökmek, işde eginlerine artykmaç ýük almazlyk gerek. Birwagtda birnäçe işi birden bitirjek bolup howlukmaň. Uka, dynç alşa, gezelenje we maşgala gatnaşyklaryna üns beriň. Işdeşleriňiz ýa-da dostlaryňyz pikir alyşmagy teklip etseler, çakylykdan ýüz öwürmäň.

Hut (balyk 21.02-20.03)

Bu hepdäniň başyndan hutlara mylaýym häsiýetli adamlar bilen içgin gatnaşmak maslahat berilýär. Şeýle adamlaryň täsiri bilen işleriňiz rowaçlanar. Maddy-üpjünçilik babatynda size ýakymly täzelikler garaşýar. Bu döwür size täze ýa-da gysga wagtlaýyn goşmaça zähmet hakly işiň teklip edilmegi mümkin. Bu babatda öz-özüňizi diňläň. Içki pikiriňiz sizi aldamaz.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Ja­ny­ňyz sag, iş­le­ri­ňiz ug­ru­na bol­sun!

 

Türkmen gelin-gyzlaryň saýty hereket edip başlady:Turkmengazet.com

 

 

 

Ýene-de okaň

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Katarda netijeli duşuşyklary geçirdiler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumyna gatnaşdy