SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Stambul -Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” (THY) kompaniýasy tarapyndan  2021-nji ýylyň 23-nji Fewralynda Stambul-Türkmenabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasynyň “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  internet saýtyna beren maglumatynda aýdylyp geçilýär. Türkiýäniň “Türkhowaýollary” (THY) kompaniýasy öň hem bu ugur boýunça birnäçe ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrdy.

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Uçar gatnawlary haçan başlaýar?

THY-niň resmi saýtynda “Iň soňky gezek täzelenen görnüş: 18.02.2021” maglumatlaryna görä,  Aşgabat gatnawlary baradaky maglumat berilýär. Ýagny, bu maglumatlara görä, Aşgabat- Stambul uçar gatnawy Mart 2021 senesinden başlanýar we  bu maglumata görä, hepdede 6 gezek  uçuş amala aşyrylar. Bellemeli zat, THY-nyň resmi saýtynda öňem birnäçe gezek şeýle mazmunly maglumat ýerleşdirilendigine garamazdan uçuşlar amala aşyrylmady. Şol sebäpli, THY-nyň Mart 2021 üçin Aşgabat ugry boýunça meýilleşdirýän uçar gatnawlarynyň geljekde üýtgäp biljekdigini ýatdan çykarmaň!

“Türkhowaýollary” kompaniýasynyň amala aşyrýan ýörite uçar  gatnawlary, şeýle hem kompaniýanyň amala aşyrýan  beýleki halkara uçar gatnawlary  barada anyk  maglumaty  şol kompaniýanyň  Aşgabat şäherindäki şahamçasyndan alyp biljekdigiňizi ýatlatýarys. (Atatürk köçesi 82, A7-A8 otagy/ “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň 1-nji gaty. Tel: 861 01 44 33).

“Türkmenhowaýollarynyň” halkara gatnawlary

Türkmenistan dünýä ýurtlaryndaky COVID-19 koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara uçar gatnawlaryny wagtlaýynça togtatmagy dowam etdirýär. Bu halkara gatnawlaryň wagtlaýynça togtadylmagy hem-de çäklendirmeler bilen baglanyşykly täze möhletler bilen baglanyşykly “Türkmenhowaýollarynyň” Russiýadaky wekilhanasy “https://turkmenistanairlines.ru/” internet saýtynda habar çap edildi. COVID-19 koronawirus pandemiýasy sebäpli awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagy 2021-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli uzaldyldy. Bellemeli zat, bu möhletler hem, öň birnäçe gezek üýtgedildi.

Türkmenistan sebitdäki we dünýädäki çylşyrymly epidemiologiki ýagdaý bilen baglanyşykly we raýatlaryň saglygyny goramak maksady bilen otly we şäherara awtobus gatnawlary 2021-nji ýylyň 1-nji martyna çenli togtadylandygyny ýatlap geçeliň!

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

 

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy