BIZNES

1,5 milliardy iki esse köpelip geldi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Wedbush Secutities» maýa goýum kompaniýasynyň bilermenleriniň geçiren hasaplamalaryna görä, «Tesla»  kompaniýasy «Bitkoin» üçin 1,5 milliard dollarlyk maýa goýup, ýene bir şonça möçberde girdeji aldy.

«Şeýlelikde, «Tesla» 2020-nji ýylda «Bitkoin» arkaly ýylyň dowamynda satan elektrik bilen işleýän ulaglarynyň girdejisinden hem kän girdeji aldy» diýlip, maýa goýum kompaniýasynyň beýanatynda aýdylýar.

Ýeri gelende aýtsak, başynda dünýäniň iň baý adamy Ilon Mask duran «Tesla» kompaniýasy mundan beýläk müşderileriň «Bitkoin» bilen awtoulag satyn alyp biljekdigini hem habar beripdi. «Twitterde» 47 million yzarlaýjysy bolan Ilon Maskyň bu ýekeje bildirişinden soňra kripto puluň gymmaty ozalkysyndan 20 göterim artdy.

Soňky bir ýylyň içinde «Bikoiniň» bahasynyň taryhda görlüp-eşidilmedik derejede artandygyny ozalky habarlarymyzda ýazypdyk. Geçen hepde bahasy 1 trillion dollardan hem geçen «Bitkoin» ýanwar aýyndan bäri hem tas iki esse gymmatlady.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Tatarstan Türkmenistanda söwda öýüni açmagy meýilleşdirýär

Balkan welaýatynda Eýranyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Masato Kanda: CAREC taslamalaryna 10 milliard dollar maýa gönükdiriler

Tatarystan Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Tramp: ABŞ-a goýlan maýa goýumlary 20 trln dollardan geçer

Balkanabat şäherinde Eýranyň Gülüstan welaýatynyň sergisi geçiriler

Ata Watan Eserleri