BIZNES

Moldowa we “Gazprom” ylalaşdy

Moldowa Respublikasy bilen Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň arasynda tebigy gaz satuwy boýunça nobatdaky 5 ýyllyk şertnama baglaşyldy.

Rus kompaniýasy 1-nji noýabrdan başlap, Moldowa tebigy gazy täze ylalaşyk esasynda iberer. Moldowa we “Gazprom” kompaniýasy tebigy gaz üpjünçiligi baradaky täze şertnamanyň şertleri we ýurduň bergisini üzmek meýilnamasy barada ylalaşdylar.

Sankt-Peterburg şäherinde Moldowanyň wekiliýeti bilen rus kompaniýaysnyň arasyndaky gepleşikler tamamlandy. Onuň netijesinde, taraplar bahany hasaplamagyň şerti. şeýle hem “Moldowagaz” kompaniýasynyň “Gazprom” kompaniýasyna üýşen bergisiniň auditi boýunça ylalaşyldy. Bu ylalaşyk esasynda bahalar soňky dokuz aýyň dowamynda nebitiň we gazyň bahalary göz öňünde tutulypp, çärýekleýin kesgitlener.

Tebigy gaz ulgamyndaky derwzýyş meseleleriň düzgünleşdirilmegine degişli ähtnama “Gazprom” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Alekseý Miller bilen Moldowanyň wise-premýeri, infrastruktura we sebitleriň ösdürilmegi boýunça ministri Andreý Spyn we “Moldowagaz” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Wadim Çebanyň arasynda gol çekildi.

Moldowa oktýabr aýynda gysga wagtlyk şertnama esasynda Rusisýadan tebigy gazyň 1 müň kubmetrini 790 dollardan satyn aldy.

 

Milli Liderimiz “Kamaz” ýük ulagyny synag etdi

Related posts

“Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň 2-nji we 3-nji tapgyrlary amala aşyrylar

Güney Kore Cumhurbaşkanı, Türkmenistan’ı ziyaret edecek

vepa

Jorap önümlerine daşary ýurtlarda isleg artýar

Ata Watan Eserleri