JEMGYÝET

Türkmenistan Germaniýa bilen Hytaýyň arasynda ýük gatnawyny amala aşyrar

“Türkmenhowaýollary” agentligi Hytaý Halk Respublikasy bilen Germaniýanyň arasynda ýük gatnawlaryny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada “orient.tm” internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Saýtda bellenilen habara görä, şu ýylyň 26-njy fewralyndan mart aýynyň ahyryna çenli “Boeing 777” kysymly uçar arkaly Hytaý bilen Germaniýanyň arasynda synag görnüşinde ýük gatnawlaryny amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Gatnawyň ugry: Pekin-Türkmenabat-Frankfurt-Türkmenabat bolar.

Synag döwründe hepdede 1 gezek bu gatnawy amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň şu ýylyň ýanwar aýyndan başlap, IL-76 kysymly ýük howa gämisinde hepdede 1 gezek Aşgabat-Stambul-Aşgabat we Aşgabat-Abu-Dabi-Aşgabat ugurlary boýunça yzygiderli ýük gatnawlaryny ýola goýandygyny belläp geçipdik.

Türkmenistanda dünýäde häzirki wagtda awiaýolagçylaryň azalandygy göz öňünde tutulyp, täze ýük uçarlarynyň satyn almagy we uçarlaryň ýük daşaýjylyk ukybynyň artdyrylmagy babatda degişli işler ýola goýulýar.

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

Ýene-de okaň

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar.

«Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy

Birol Güwen: Türk dünýäsi bilen bilelikdäki filmleri surata düşürmek taslamamyz bar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

Baýraktar: Türkmenistanyň gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen almak mümkin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler