SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türk Howa Ýollary : Aşgabat uçar gatnawlary barada

Halkara  howa gatnawlarynyň nähili boljakdygy hemmeleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. Türkiýäniň milli awiasiýa kompaniýasy (THY) öz resmi internet saýhypasynda 2021-nji ýylyň Fewral hem-de Mart aýlary boýunça gatnaw meýilnamasyny mälim etdi.

Resmi habarda bellenilip geçilişi ýaly, şu çylşyrymly döwürde meýilnama düzmegiň ýeňil düşmeýändigi, muňa garamazdan käbir mümkinçilikleriň göz öňünde tutulyp, uçar gatnaw meýilnamasynyň düzlendigi bellenilip geçilýär.

Siz saýtymyza goýulan habarlardan dessine habarly bolmak isleýän bolsaňyz, onda biziň Android ulgamynda hereket edýän applikasiýamyzy-Atavatan Türkmenistan Applikasiýasyny  telefonyňyza Google Plaý dükanyndan şu ýere basyp ýükläp alyň!

8 Fewral 2021 senesindäki Täzelenen habar

THY-niň resmi saýtynda “Iň soňky gezek täzelenen görnüş: 08.02.2021” maglumatlaryna görä,  Aşgabat gatnawlary baradaky maglumat berilýär. Ýagny, bu maglumatlara görä, Aşgabat- Stambul uçar gatnawy Mart 2021 senesinden başlanýar we  bu maglumata görä, hepdede 6 gezek  uçuş amala aşyrylar. Bellemeli zat, THY-nyň resmi saýtynda öňem birnäçe gezek şeýle mazmunly maglumat ýerleşdirilendigine garamazdan uçuşlar amala aşyrylmady. Ýene bir bellemeli zat,  THY-nyň resmi saýtyndaky  öňki maglumatlarda Aşgabat uçar gatnawlary barada hepdede 5 gezek görkezilýän bolsa bu gezek bu görkeziji hepdede 6 gezek diýip bellenilýär. Şeýle hem, öň anyk sene görkezilýän bolsa (mysal üçin  Ýanwar aýynyň 2-si ýa-da Fewral aýynyň 1-i)  bu gezekki maglumatda Mart 2021 senesi diýlip umumy sene görkezilýär.

“Türkmenhowaýollarynyň” halkara gatnawlary

Türkmenistan dünýä ýurtlaryndaky COVID-19 koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara uçar gatnawlaryny wagtlaýynça togtatmagy dowam etdirýär. Bu halkara gatnawlaryň wagtlaýynça togtadylmagy hem-de çäklendirmeler bilen baglanyşykly täze möhletler bilen baglanyşykly “Türkmenhowaýollarynyň” Russiýadaky wekilhanasy “https://turkmenistanairlines.ru/” internet saýtynda täze habar çap edildi. COVID-19 koronawirus pandemiýasy sebäpli awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagy 2021-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli uzaldyldy.

Otly we şäherara awtobus gatnawlary

Türkmenistan sebitdäki we dünýädäki çylşyrymly epidemiologiki ýagdaý bilen baglanyşykly we raýatlaryň saglygyny goramak maksady bilen otly we şäherara awtobus gatnawlary 2021-nji ýylyň 1-nji martyna çenli togtadyldy.

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy