Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, köpugurly işewürler merkezli kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň we onuň golaýynda ýerleşen seýilgähiň hem-de Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we gurluşygyny amala aşyrmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine tabşyryldy.
Uzynlygy 600 kilometre golaý bolan bu iri awtomobil ýolunyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistiki hyzmatlarynyň hilini we tiz ýerine ýetirilişini ep-esli artdyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümlerini hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, taslamany üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Awtobanyň birinji bölegini—Aşgabat-Tejen aralygyny şu ýyl, Tejen-Mary bölegini—2022-nji ýylyň dekabrynda we üçünji—Mary-Türkmenabat bölegini—2023-nji ýylyň dekabrynda ulanyşa tabşyrmak maksat edinilýär.
Awtomobil ýoly hereket etmegiň esasy üç ugruny özünde jemlär we her tarapdan bir goşmaça ugur bolar. Ýoluň ini 34,5 metre barabar bolar. Awtoban Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde guruljak çatrykdan başlanar. Şu ýerde elektron hasaplaşygyny hem göz öňünde tutýan töleg merkezleri, ýol gözegçiligi gullugynyň bölümi, dynç almak üçin meýdançalar ýerleşdiriler.
Ýokary tizlikli ýola degişli derejede tehniki taýdan hyzmat etmek üçin degişli beketleri hem bina etmek meýilleşdirilýär. Ýol hereketini awtomatik ulgam dolandyrar. Şol ulgam üznüksiz wideo gözegçiligiň kömegi bilen ulag akymy boýunça hemme maglumatlary ýygnaýar we saklaýar hem-de ýol gözegçiligi gullugyna iberýär. Şeýle hem şu ýere howanyň ýagdaýyna gözegçilik edýän beketden çyglylyk, aralygy görüp boluş ýagdaýy ýaly ölçegleri özünde jemleýän maglumatlar we beýlekiler iberiler.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň I, II, III tapgyrlarynyň çäklerinde meýilleşdirilen işler bilen tanyşdyrdy.
Şeýle hem milli Liderimiz ýoluň geçjek ugurlaryny görkezýän çyzgylar, uly töleg terminalynyň hem-de kiçi töleg nokatlarynyň görnüşleri bilen tanyşdyryldy. Mundan başga-da, çyzgylarda ýangyç guýujy bekediň, söwda nokatlaryň, ulag serişdelerine hyzmat ediş bölümleriň, dynç alyş meýdançalaryň, çatryklaryň, köprüleriň görnüşleri we beýlekiler görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, taslama käbir düzedişleri girizdi hem-de ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesine we ekologiýa talaplaryna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny tabşyrdy.
Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.