MEDENIÝET

Seljuk döwrüniň nagyşlarynyň halkara bäsleşigi

Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleri – Alaaddin Keykubat uniwersiteti we Ýakyn Gündogar uniwersiteti, Alanýanyň basylyp almagyň 800 ýyllygy mynasybetli “Seljuk döwrüniň keramiki plitalar” atly halkara taslama bäsleşigini gurnaýar. Guramaçylar dünýäniň çar künjeginden sungat işgärlerini bu medeni çärä işjeň gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet we tanyşdyrma geňeşligi tarapyndan internet neşirimize iberen beýanatynda bellenilip geçilýär.

Taslamanyň esasy maksady XIII asyryň Seljuk binagärlik desgalarynyň örtüginde ulanylýan keramiki plitalaryň bir nusgasyny döretmekden ybaratdyr. Bu taslama gatnaşjak heýkeltaraşlar XIII asyryň Seljuk binagärlik desgalarynyň örtüginde ylham alyp, täze nusga döretmeli bolarlar.

Sungat işleriniň ýerine ýetiriliş şertleri:

  • Ýerine ýetiriljek işler syrçaly we daşky keşbine görk beriji bolmaly.
  • Işleriň göwrümi 20cm X 20 cm, 1,5-2 cm Şeýle hem plitalary ýasamak üçin ak toýun ulanmaly bolup durýar.
  • Suratkeşler işlerine döredenlerinde öz reňklerini ulanyp, durmuş we ahlak kadalaryna laýyk getirip döretmeli.
  • Taslama gatnaşyjy özüniň ýerine ýetiren diňe bir işini taslama hödürläp bilýär. Suratkeş özüniň işini görkezilen salga ibermelidir.
  • Suratkeşlere ýörite şahadatnama berler. Mundan başga-da edilen işleriň katalogy çap ediler. Beriljek kitapda her bir gatnaşyjynyň awtobiografiýasy we çeper garaýyşlary bolar. Kitapda her bir ýazyjynyň eseriniň şekilleri hem bolar.
  • Her bir taslama gatnaşyjy gol çekilen şertnamany serdar.aslan@alanya.edu.tr salgysyna ugratmaly. (04.01.2021-01.02.2021)
  • Arzalar 2021-nji ýylyň 4-nji ýanwaryndan 2021-nji ýylyň 3-nji martyna çenli kabul ediler.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Türkmen talyby Gazagystanda “Iň gowy zenan keşbi” üçin baýraga mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Ilkinji gezek Buker baýragy hekaýalar ýygyndysyna berildi

Ak şäherimiz Aşgabada bagyşlanan konsert

Ata Watan Eserleri

Pars dilini goramak we Abulkasym Ferdöwsini hatyralamak güni

Azerbaýjan Respublikasynyň at gazanan artisti Aşgabatda “Parahatçylyk sazy” halkara festiwalyna gatnaşdy

Aşgabatda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwaly geçirilýär