JEMGYÝET

Ahal we Daşoguz: Garaşsyzlyk baýramy üçin ulanmaga beriljek desgalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň bilim ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy.

AHAL WELAÝATYNDA ULANMAGA BERILJEK DESGALAR

Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna gabatlanyp, ulanmaga beriljek desgalardaky işler barada hasabat berdi. Şol desgalaryň hatarynda şular bar

  • Kaka etrabynyň çäginde umumy meýdany 6 gektara barabar bolan ýyladyşhana.
  • Kaka we Babadaýhan etraplarynda ýokary halkara ülňüleri esasynda enjamlaşdyrylýan dokma toplumlary.
  • Aşgabat-Tejen aralygynda ýokary tizlikde awtomobil ýoly.
  • Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji nobatdakysynyň binalar toplumy.

DAŞOGUZ WELAÝATYNDA ULANMAGA BERILJEK DESGALAR

Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow  ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şol desgalar şeýle:

  • Medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” hem-de 3 müň orunlyk sadaka jaýy.
  • Daşoguz şäherinde 450 orunlyk köpugurly hassahana.
  • 150 orunlyk onkologiýa hassahanasy.
  • Daşoguz şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda 15 sany ýaşaýyş jaýlary.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy berk gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz şu nukdaýnazardan şanly baýramyň medeni maksatnamasyny taýýarlamaga hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir diýdi.

Hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş jaýlaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny hem belläp geçdi.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi