DÜNÝÄ

«Yhlas bilen aglasaň…»

«…sokur gözden ýaş çykýandygyny» bir angliýaly ýene bir ýola subut etdi. Has takygy, ol sürüjilik şahadatnamasy üçin synaglara 157 gezek girip, 158-nji synagy üstünlikli tabşyrdy. Bu barada «Motor» saýty habar berýär.

Saýtda ýazylyşy ýaly, Beýik Britaniýanyň «Select Car Leasing» portaly ýurtda sürüjilik şahadatnamasy üçin iň kän synag tabşyranlaryň sanawyny taýýarlady. Sanawda birinji orunda ady yglan edilmedik erkek kişi 157 sany şowsuz synanyşyk bilen birinji orny eýeledi.

158-nji synanyşykdan soň şahadatnamasyna gowşan «täze sürüji» nazary synag üçin jemi 3,6 müň funt sterling harçlapdyr.

Sanawyň ikinji basgançagyndaky 30 ýaşly zenan maşgala jemi 117 gezek synanyşyp, şunça synag üçin 3 müň funt sterlinge ýakyn serişde sarp edipdir.

«Şowsuz okuwçylaryň» ilkinji üçlügini bolsa 72 ýaşly erkek kişi jemleýär. 73 gezek synanyşan geljekki sürüji her synag üçin 23 funt sterlingiň haýryndan geçmeli boldy.

Ýeri gelende aýtsak, Beýik Britaniýa Ýer ýüzünde sürüjilik şahadatnamasy üçin synaglaryň iň kyn döwletleriň biridir. Synagdan geçmek üçin 50 sowalyň 43-sine dogry jogap bermeli.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Türkmenistan GDA-nyň senagat syýasaty boýunça Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Li Çže Men Günorta Koreýanyň täze Prezidenti boldy

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Monako Knýazlygynda Türkmenistanyň ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýörişi gurnady

Türkmenistanyň wekiliýeti YHG-nyň ulag ministrleriniň 13-nji mejlisine gatnaşdy