SÖHBETDEŞLIK

Begmyrat Annamyradow: Mukamly maşgalada dogan ýyldyz

Begendirip ýa-da oýlandyryp, joşduryp ýa-da tolgundyryp, bir söz bilen aýdanyňda duýgularymyzy biygtyýar özüne baglaýan sungat jadyly dünýä. Aýratynam, aýdym-saz sungaty. Aýdym-saz ýaňlanyp ugrandan islesek-islemesek kalbymyzyň gozgalaň tapýany, oňa goşulyşyp hiňleneniňi, ýürek joşgunyňy töweregiňe ýaňzydanyňy duýman galýanyň näme üçindir öýdýäňiz?! Elbetde, ählimiz şirin mukamlara ýugrulan ajaýyp aýdym-sazlaryň aşygy. Bu sungata ykbalyny baglap, halkymyzyň gyzgyn söýgüsini gazanyp gelýän ussatlaryň, ýaş zehinleriň yhlasyndan şirin labyzly eserler döreýär. Ýerine ýetirýän aýdymlarynyň döwrebaplygy, özboluşlylygy bilen sungatda öz heňini tapan şeýle zehinli aýdymçylaryň biri-de Begmyrat Annamyradowdyr. Bagtyýarlyk döwrümizi, mukaddes söýgini owadan owaza ýugrulan ajaýyp aýdymlary bilen wasp edýän Begmyrat bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin täze ýylyň ilkinji söhbetdeşligini guradyk:

 — Begmyrat, aýdym-saz ynsanlaryň göwün syrdaşyna deňelýär. Siziň döredýän aýdymlaryňyz bada-bat diňleýjileriň ýüreginde orun tutýar. Sungat adamsynyň esasy maksady, arzuwy hem şoldur.

 — Elbetde, “Ýürekden çykan söz ýürege ýetýär” diýleni. Aýdymçynyň baş maksady aýdymlary bilen diňleýjiniň ýüregine barýan ýoly tapmak. Tapansoňam, şol ýerde aýdymlaryň bilen galmak esasy zat. Munuň üçin bolsa, irginsiz yhlas gerek. Halkyň göwnünden turjak täze-täze aýdymlary döretmek gerek. Bu babatda, Gahryman Arkadagymyz biz — aýdymçylara nusgalyk mekdep bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň ösmegine aýratyn uly üns berýär. Çagalykdan sungata söýgiňi, zehiniňi, ukyp-başarnygyňy açyp görkezmekde halypalardan tälim almak zerur. Munuň üçin halypalar bilen duşuşyp, olardan sungatyň inçe tärlerini öwrenmeli. Bu babatda bagtyýarlyk döwrümizde ähli mümkinçilikler döredilen. Diňe bir şäherlerimizde däl, eýsem etraplarda-obalarda hem häzirkizaman medeniýet ojaklarynyň gurulmagy, halypalaryň atlarynyň ebedileşdirilmegi, olaryň gymmatly mirasynyň öwrenilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň sungata goýýan belent sarpasynyň subutnamasydyr.

— Söhbetdeşligimizi aýdym-saza gelşiňiz, bu ugurda tälim beren halypalaryňyz dogrusyndaky gürrüňleriňiz bilen dowam etsek!

 — Maşgalamyzyň sungata sarpasy, söýgüsi aňyrdan gaýdýar. Atam sungat adamsy bolmasa-da, mugallymçylyk kärinden boş wagtlarynda dutar çalar eken. Kakamyň doganlarynyň hemmesi diýen ýaly aýdym-saz bilen meşgullanan. Olardan aýratynam, Tirkiş Orazow il içinde belli estrada aýdymçysy bolup, ençeme toýlary sowan. Kakam käri boýunça lukman. Ýöne muňa garamazdan, sungatdan daşda däl. Boş wagtlary şahyrçylyk bilen meşgullanýar. Ýerine ýetirýän aýdymlarymyň köpüsiniň sözleri kakamyňky. Sungata söýgüsi aňyrdan gelýän maşgalanyň perzendi bolmagym meni biparh goýmady. Çagalykdan kakamyň doganlarynyň aýdymlaryny diňläp meşhur estrada aýdymçysy bolup, sahnada çykyş etmegi arzuw edýärdim. Aýdym-saza söýgimiň uludygyny duýan kakam bu ugra gönükmegimi goldady. Dogany Tirkiş Orazow bilen aýdym-sazyň inçe tärlerini öwretdi. Mekdepde-de aýdym-saz gurnagyna gatnap, baýramçylyk dabaralarynda köplenç aýdymlarym bilen özbaşdak çykyş ederdim. Şol çykyşlarymyň ilkinjisi “Eý, mekdebim jana-jan” aýdymyndan başlanypdy. Orta mekdebi tamamlap, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň roman-german dilleri fakultetiniň iňlis dili hünärine okuwa girdim. Talyplyk ýyllarymda-da kakamyň doganynyň ýanyna gatnap, onuň bilen aýdymlaryň üstünde işlärdim. Täze aýdym döretjek bolsam, hökman onuň bilen maslahatlaşardym. Aýdym-sazyň inçe tärleri dogrusyndaky maslahatlaryny diňlärdim.

Sungat ýolunda gazanan üstünlikleriňizi, bagtly pursatlaryňyzy ýatlap geçäýseňiz!

Bagtyýarlyk döwrümiziň her bir güni ýüreklerimize egsilmez joşgun, bagtyýarlyk eçilýär. Sungat adamsy bolup, bagtly pursatlary başyňdan geçirmek indiki döretjek eserleriňe ylham berýär. 2008 — 2009-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagym, 2010-njy ýylda hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Ýylyň parlak ýyldyzy” adyna eýe bolmagym aýdym-sazly dünýämi öňküden-de joşdurdy. Geçen 2020-nji ýylda hem şanly Garaşsyzlyk toýumyzyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi bolup, Şa serpaýyny almak bagty miýesser etdi.

Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen türkmen medeniýetimiziň, aýdym-saz sungatymyzyň dost-doganlyk ýollaryndan dünýä çykýandygyny buýsanç bilen belläsim gelýär.  Muňa ýurdumyzyň daşary döwletlerde medeniýet günleriniň geçirilmegi, şol sanda dünýä ýurtlarynyň sungaty bilen öz watanymyzda tanyşmaga, tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleriň döredilmegi şaýatlyk edýär. Munuň netijesinde biz — ýaş aýdymçylar aýdymlarymyzy daşary döwletleriň dost-doganlyk konsertlerinde, festiwallarda ýerine ýetirýäris. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda 14-nji dekabrda Aziýa-Ýuwaş Ummany Teleradiogepleşikler Birleşigi tarapyndan göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ABU TV Aýdym festiwalyna gatnaşmak bagty maňa miýesser etdi. Oňa birnäçe döwletlerden estrada ýyldyzlary gatnaşdy. Festiwalda men Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň sözlerine “Bitarap ýurt Türkmenistan” atly aýdymymy ýerine ýetirdim.

Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen toý-dabaralaryň çäklerinde guralan konsertde sungat ussatlarymyz daşary ýurt dillerinde dost-doganlyk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Bu konsertde iňlis dilinde “You’re my heart” atly aýdymy diňleýjilere ýetirdim.

— Diňleýjiler sizi estrada ýyldyzy hökmünde tanaýarlar. Muňa garamazdan, repertuaryňyza halk aýdymlaryny, halypalaryň ýerine ýetiren aýdymlaryny goşmak maksadyňyz bardyr!

— Elbetde, halypalaryň gymmatly mirasyndan biz ýaşlara öwrenere zat köp. Halypalarymyzyň ýerine ýetiren, şu günki güne çenli halkymyzyň söýgüsini gazanyp gelýän millilige ýugrulan aýdymlarymyz sanardan kän. Olardan Atabaý Çarygulyýewiň, Nurýagdy Tokgaýewiň, Gurban Gummanowyň, Bally Hajyýewiň aýdymlaryny ürç edip diňleýärin. Nesip bolsa, geljekde halypalaryň ýerine ýetiren nusgawy aýdymlaryny, halk aýdymlarymyzy estrada görnüşinde, täzeçe öwüşginde, hem-de asyl nusgasynda diňleýjilere ýetirmegi göz öňünde tutýaryn. Häzirki wagtda Gurban Gummanowyň “Duşurmazmy” atly aýdymyny dutarda, Atabaý Çarygulyýewiň “Ýaryňdan ogryn” atly aýdymyny estradada täzeçe öwüşginde işledim. Nesip bolsa, ýakyn günlerde diňleýjilere ýetirmegi maksat edinýärin.

Aýdymyň şowly çykmagy üçin goşgy bilen sazyň sazlaşmagy zerur. Siziň ýerine ýetirýän döwrebap äheňdäki aýdymlaryňyzyň sazlary we sözleri belent joşguny bilen tapawutlanýar. Aýdymlaryňyzy haýsy şahyrlaryň goşgularyna işleýärsiňiz?

— Käbir goşgular bolýar. Eliňe alyp okanyňdan heňi döreýär. Şeýle akgynly goşgudan dörän aýdym diňleýjileriň hem göwnünden turýar. Şonuň üçin saz ýazmankam, ilki bilen goşgynyň labzyna üns berýärin. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň “Arkadag”, “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany”, “Saňa intizar”, şeýle-de şahyrlar Döwletgeldi Annamyradowyň “Bitarap ýurt Türkmenistan”, Nurgözel Gozlyýewanyň “Awaza”, Gülşirin Hanowanyň “Gyrmyzy keteni” atly goşgularyna aýdymlary döretdim. Bu aýdymlaryň köpüsi “Türkmen owazy” teleýaýlymy tarapyndan şekile geçirildi.

Bulardan başga-da, “Mahym jan”, “Kim kim?”, “Senmi ýa menmi?”, “Diňe sen”, “Ejem jan”, “Ykbalymmy ýar?!”, “Ýyldyzym bolaý!”, “Daksana bilezik”, “Ýollar aýry”, “Duý meniň ýüregimi!”, “Kim günäli?!” ýaly aýdymlarym diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylanyp, meşhurlyk gazandy.

Maşgalaňyzda çagalaryňyzyň sungata söýgüsi nähili?

— Maşgalamda bir oglum, bir gyzym bar. Gyzym Aýşa 8-nji synpda, oglum Aýhan 6-njy synpda okaýar. Ikisi hem sungata höwesli. Aýratynam, surat çekmegi gowy görýärler. Olara häzirden pylan käriň eýesi bolsun diýip bolmaz. Nesip bolsa, geljekde söýýän käriniň eýesi bolar diýip pikir edýärin.

 — Siz «Türkmen owazy» teleýaýlymynda surata düşürilýän kinofilmleriň birnäçesine gatnaşyp, keşp janlandyrdyňyz. Aktýor bolmak bilen aýdym aýtmagyň tapawudyny nähili gördüňiz?

— Kinofilme surata düşmegiň täsiri düýbünden başgaça. Onda başga bir şahsyýetiň keşbine girmeli. Gahrymanyň häsiýetini tomaşaça ýetirjek bolmaly. Aktýor bolmagyň kynçylygy hem şonda. Muňa garamazdan, başga käri saýlamaly bolsa aktýor bolardym. Sebäbi kinofilmlerde keşp janlandyrmak çagalykdan arzuwymdy. Ilkinji gezek “Maýagözel” kinofilminde baş keşpde surata düşdüm. Bu kinofilmde janlandyran keşbimiň, onda ýerine ýetiren “Sen gerek” atly aýdymymyň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanmagy aktýorlyga höwesimi hasam artdyrdy. Mundan başga-da “Türkmen owazy” teleýaýlymy tarapyndan surata düşürilen “Çepbäniň toýy”, “Bagt eken bagtyňa garaşmak”, “Bagta barýan ýollar” atly telefilmlerde keşp janlandyrmak miýesser etdi.

Ylham çeşmäňiz näme?

— Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Watanymyzyň bagtyýarlygy, ak mermer paýtagtymyzyň gözelligi kalbymy joşdurýar. Bu gözelliklerden ylham alyp täze döredýän aýdymlarymyň halkymyzyň göwnünden turmagy täze maksatlara ruhlandyrýar.

— Bagta garaýşyňyz?

— Bagty her bir zatda-da görüp bolýar. Mysal üçin, kiçijik çaga oýnawaç almagy arzuw edýän bolsa, şol oýnawajy alsa şol çagajyk üçin bagt. Ýa-da öz çaga wagtym ýadyma düşýär. Menem meşhur ýyldyz bolsadym, sahna çykyp aýdym aýtsadym diýip arzuw ederdim. Bagtyýar Watanymyz arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy. Şu bagtly, bagtyýar döwletiň neslidigim üçin, döwletli-döwranly ýurtda ýaşaýandygym üçin men bagtly.

— Üstünlige ýetmekde durmuşdaky ýörelgäňiz hem-de öňüňizde goýýan maksadyňyz?

— Diňe zähmet çekmek.  Halkymyzyň göwnünden turjak Watanymyzyň ösüşlerini, mukaddes söýgini wasp edýän täze joşgunly aýdymlary, şekilli aýdymlary döretmegi maksat edinýärin.

— Şu günlerde täze işleýän  aýdymyňyz?

— Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýyla “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip at berdi. Şu şygardan ugur alyp, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň sözlerine “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly aýdymyň üstünde işleýärin.

Ýürek arzuwlaryňyzy paýlaşaýsyňyz!

— Biziň Watanymyzda ýazmaga, döretmäge, sungat eserleriňi halk köpçüligine ýetirmäge uly mümkinçilikler döredilen. Bize — aýdym aýtmakda, saz çalmakda, şygyr döretmekde, ähli babatda görelde mekdebi bolup duran, döwletli-döwranly döwürde ýaşadýan, baş halypamyz — Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýaryn. Hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, belent başy aman bolsun, alyp barýan beýik tutumly işleri mydama rowaç alsyn!

 — Begmyrat, söhbetdeşlik üçin saýtymyzyň döredijilik toparynyň adyndan köp sagbolsun aýdýarys! Ajaýyp aýdymlaryňyz bilen diňleýjileri begendirip durmagyňyzy, geljekde-de sungat äleminde üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris!

— Sag boluň!

Söhbetdeş bolan Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

Doglan wagty we ýeri: 1983-nji ýylyň 29-njy oktýabry, Mary ş

Okan mekdebi: Mary şäheriniň 6-njy orta mekdebi

Ilkinji ýerine ýetiren aýdymy: “Eý, mekdebim jana-jan”

Iň täze aýdymy: “Düwmeli”

Iň täze şekilli aýdymy: “Bitarap ýurt Türkmenistan”

Gowy görýän sport görnüşi: Tigir sürmek, billiard

Täze Chrome Browser goşundysy : Makul Sözlük

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Türkiýede bilim almak üçin – “Atavatan Danışmanlık LTD”

Makul Sözlük: Akylly Sözlük

Mälim bolşy ýaly ýaňy ýakynda saýtymyz tarapyndan taýýarlanylan Türkmen dilinde “gepleýän” ilkinji Türkmençe-Iňlisçe sözlük –Makul Sözlük hyzmata girdi. Siz täze sözlük bilen tanyşmak üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Internet ulgamynda www.makulsozluk.com domaini bilen hereket edýän sanly we sesli Akylly sözlük taslamasy bilen tanşyň!

Ähli Söhbetdeşliklerimiz:

Leýli Ökdirowa :Ýyldyza öwrülen zehin

 

Azat Dönmezow: Ýyldyzyň ýürek owazy

Han Pälwanow: Aýdymym göwün şadym

Merdan Handurdyýew: Teatr jadyly dünýä

Ogulgerek Durdyýewa: Tutanýerliklikde Ýeten Maksadym…

 

Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi

 

Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

 

Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa

 

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

 

Ýene-de okaň

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym

Gözel HOJAÝEWA: kalbymyň namasy aýdym-sazymda