SPORT

Ronaldo – asyryň iň gowy futbolçysy

“Globe Soccer Awards” baýragynyň ýeňijileri mälim edildi. Bu baýraklaryň gowşurylyş dabarasy Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirildi.
Şonuň netijesinde 35 ýaşly Kristiano Ronaldo XXI asyryň iň gowy futbolçysy baýragyna mynasyp boldy. Ol bu baýraga 2001-2020-nji ýyllarda gazanan üstünlikleriň netijesinde aldy. Şeýle hem bu baýraga Lionel Messi, Mohammed Salah we Ronaldinio hem dalaşgär görkezilipdi.
Portugaliýaly Ronaldo futbol durmuşynda “Sporting”, “Mançester Ýunaýted”, “Real Madrid” hem-de “Ýuwentus” toparlarynda çykyş etdi. Ol Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen Ýewropanyň çempiony bolan bolsa, çykyş eden futbol toparlary bilen 5 gezek Çempionlar Ligasynyň kubogyny gazandy, 3 gezek Angliýanyň çempiony, 2 gezekden Ispaniýanyň hem-de Italiýanyň çempiony boldy. Ronaldo 5 gezek “Altyn pökgi” baýragynyň hem eýesidir.
Bu baýrak gowuşyrylyş dabarasynda “Bawariýa” toparynyň polşaly futbolçysy Robert Lewandowski “Ýylyň iň gowy futbolçysy” baýragyny gazandy.
Şeýle hem baýrak gowşurylyş dabarasynda “Bawariýa” toparynyň tälimçisi Hans-Diter Fliks 2020-nji ýylyň iň gowy tälimçisi baýragyna mynasyp bolan bolsa, “Mançester Siti” toparynyň tälimçisi Pep Gwardiola “Asyryň iň gowy tälimçisi” boldy.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary AFK-2 Çempionlar ligasynda «Al-Ahli» bilen deňme-deň oýnady

Durant NBA taryhyndaky iň köp hak alýan basketbolçy bolar

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy FIFA-nyň Tehniki ösüş komitetiniň agzalyga saýlandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty üçin 1 milliondan gowrak bilet satyldy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo dünýäde iň köp hak alýan futbolçy boldy

Aziýanyň tennis federasiýasy Türkmenistanda tennisiň ösüşine ýokary baha berdi