Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Ilçihananyň edara binasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkiýäniň alymlarynyň, syýasatşynaslarynyň we edebiýatçylarynyň gatnaşmagynda wideo aragatnaşyk arkaly tegelek stol maslahat geçirildi diýlip Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň saýtynda aýdylýar.
Maslahata Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi I.Amanlyýew hem-de Stambul şäherindäki Baş konsuly M.Seýitmämmedow, Türkiýäniň Ankara uniwersitetiniň professorlary Abdullah Gündogdy, Berdi Saryýew, Kyrykkale uniwersitetiniň professory Muhammet Sawaş Kafkasýaly, Stambul uniwersitetiniň professory Nurjan Güder, Konýa Tehniki uniwersitetiniň professory Allaguly Gurbanlyýew, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda-senagat edarasynyň Baş sekretary Adem Kula, Türkmen-Türk dostluk jemgyýetiniň başlygy Hüseýin Ýüjel, “Sahipkyran” stategiki gözleg merkeziniň başlygynyň orunbasary Jesurhan Taş, TÜRKSOÝ halkara guramasynyň wekilleri, “Atawatan Türkmenistan”, “TRT” we “Anadolu Ajansı” habar beriş serişdeleriniň habarçylary hem-de Ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatynyň başynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän çäreler barada, şeýle hem Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri dogrusynda giňişleýin bellenilip geçildi.
Tegelek stol maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň taryhy ähmiýeti, onuň halkara we sebit durnuklylygyny pugtalandyrmakdaky orny, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen alyp barylýan hyzmatdaşlygy hakynda gürrüň berildi.
Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara gatnaşyklary babatdaky ähmiýeti, bu günki dünýäniň ösüşinde we çylşyrymly halkara işlerinde bitaraplyk ýörelgesiniň orny, Bitaraplygy gazanmak ugrunda amala aşyrylan çäreler, Bitaraplyk termininiň türkmen edebiýat çeşmelerinde, hususan-da türkmen klassyk şahyrlarynyň eserlerinde galdyran yzlary, türkmen Bitaraplygynyň häzirki döwürde milli, sebit we halkara derejelerde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça möhümligi, bitaraplygyň sebitleriň we bütin dünýäniň ösüşe edýän täsiri barada belläp geçdiler. Şeýle hem olar hemişelik bitaraplyk syýasatynyň Türkmenistanyň syýasy, durmuş-ykdysady we meden-ynsanperwer ugurlarda uly ösüşleri gazanmagyna we belent sepgitlere ýetmegine mümkinçilik berendigini beýan etdiler.
Tegelek stol maslahaty gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!